Aýdym aýtmak sungaty (wokal)


Bölümi wokal aýdymçylaryny taýýarlamakda iň bir wajyp orun eýeleýän ýeketäk çeşme bolup hyzmat edýär.  
- Aýdym aýtmak sungaty (wokal) hünärinde  aýdym aýtmagyň inçe syrlaryna çuňňur aralaşmak, dünýäniň nusgawy eserleri bilen içgin tanyşmak, aýdym owazynyň emele gelşini we aýdymy dogry ýerine ýetirmegiň düzgünlerini öwretmek, aýdym aýtmaklyga bolan ukybyny ösdürmek we kämilleşdirmek üçin taýýarlanylýar. Şeýle hem amaly taýdan taýýarlykly bolmagy, hünärini kämil ele alan, öz bilimini, gözýetimini hemişe giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýan, köpçülik bilen agzybir işlemegi başarýan, wokal, akademik sazlaryň, ondan başga-da teatryň we edebiýatyň dürli    žanrlaryndaky konsertleriniň maksatnamalaryny  amala aşyrýan, çagalara toparlaýyn we ýekelikde aýdymlary ýerine ýetirmegi öwredýän hünärmenler ýetişdirilýär. Konsertlerde çykyş etmegiň we köpçülige ýetirmegiň, çagalar sungat, sazçylyk mekdeplerinde we umumy bilim berýän orta mekdeplerinde işlemegiň, okuwçyny okatmagyň, onuň jemgyýete peýdaly adam bolup ýetişmegi üçin kämil terbiýe bermegiň, konsertlere, synaglara, bäsleşiklere taýýarlamagyň we iş resminamalaryny ýöretmegiň usullary öwredilýär.
 Aýdym aýtmak sungaty (wokal) hünäri Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda aýdymçy, horuň artisti, umumy bilim berýän edaralarynyň aýdym-saz mugallymy kärini almaklygy üpjün edýär. Hünärmenler çagalar sazçylyk, sungat we umumy bilim berýän mekdeplerinde aýdym-saz mugallymy, mekdebe çenli bilim edaralarynda saz mugallymy, medeniýet ulgamyna degişli bolan aýdym-saz, hor toparlarynda hor aýdymçysy, ýerine ýetirijilik sungaty boýunça çykyş etmek işlerinde işlemek üçin taýýarlanylýar. 
Aýdym aýtmak sungaty hünäri boýunça okuwyň möhleti 3 ýyl 10 aý.

Paýlaş

Fortepiano

Bölümi wokal aýdymçylaryny taýýarlamakda iň bir wajyp orun [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19