Saz mugallymçylygy

Saz mugallymçylygy bölümi mekdebiň iň bir ýaş bölümleriniň biridir. Ol
umumybilim berýän mekdeplere saz mugallymlaryny taýýarlamak maksady bilen
1999-njy ýylda açylýar.

Saz mugallymy hünärinde  okaýan hünärmenler umumy  bilim berýän orta mekdeplerde, çagalar   baglarynda, aýdym-saz   döredijilik toparlarynda çagalara saz   eserlerini ýerine ýetirmegi öwretmek, wokal ýa-da saz   gural eseriniň esasy partiýasyna (heňe) sazandarlyk etmekligi, saz  eserlerini asyl görnüşinden   ýerine ýetirijiler toparynyň düzümine laýyk täzeden işlemekligi, sungat we bilim ulgamynda çagalar aýdym-saz toparlary bilen konsertlerde çykyş etmegi, köpçülige ýetirmegi,  eseriň ýerine ýetirilişine we çeperçilik derejesine baha   bermegi, konsert çärelerinde  çykyş  etmek üçin taýýarlanylýar.

Saz mugallymçylygy  hünärini   tamamlan uçurymlara orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň aýdym-saz
mugallymy kärini
almaklygy üpjün edýär. Okuwyn möhleti 3 ýyl 10 aý.
  

Paýlaş

Fortepiano

Saz mugallymçylygy bölümi mekdebiň iň bir ýaş bölü [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19