Hor dirižýorlygy

Hor dirižorlygy bölümi 1946-njy ýylda döredilipdi, emma ol  geçen asyryň 50-nji ýyllaryndan başlap işe girişip ugraýar.

Hünär taýýarlygyň ugurlary boýunça okatmak amala aşyrylýan bir  derejeli  gurluş düzümi bolup, orta hünär biliminiň birinji derejesidir we hünär işiniň  ähli görnüşlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýän orta hünär bilimidir. Dirižýorlyk sungatynyň aýratynlyklaryny we bu sungatyň kanunlalaýyklyklaryny, saz eserleriň  formasyna we mazmunyna degişli tutuş soraglar toplumyny  öwrenýän, hor toparlary  bilen işleýän orta bilimli hünärmeniň hünär derejesi.

Hor  dirižýorlygy hünäriniň uçurymlaryna  horuň  artisti, hor toparynyň ýolbaşçysy, çagalar sazçylyk, sungat mekdepleriniň mugallymy  kärini almaklygy üpjün edilýär. Hünärmenler çagalar   sazçylyk, sungat mekdeplerinde hor mugallymy, umumy bilim berýän mekdeplerinde,  mekdebe çenli bilim edaralarynda saz mugallymy, medeniýet ulgamyna degişli  bolan   aýdym-saz, hor toparlarynda konsertmeýster, hor aýdymçysy, ýerine ýetirijilik sungaty boýunça çykyş etmek işlerinde işlemek  üçin taýýarlanylýar. Okuwyň   möhleti  3 ýyl 10 aý. 

Paýlaş

Fortepiano

Hor dirižorlygy bölümi 1946-njy ýylda döredilipdi, emma [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19