Dalaşgärler üçin

MAÝA KULYÝEWA ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASYNYŇ ÝANYNDAKY DAŇATAR ÖWEZOW ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET ÝÖRITE SAZÇYLYK MEKDEBI 

2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga 
kabul edýändigini yglan edýär:

Býujet esasda okadyljak hünärmenleriň taýýarlanýan ugurlary (hünärleri):  
1.Türkmen milli saz gurallary (dutar,gyjak,gargy tüýdik,plektrli dutar,kanun,ud,baglama) 
2. Halk saz gurallary (akkordeon) 
3.Kirişli saz gurallary (skripka,alt,wiolonçel,kontrabas)
4.Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary (gaboý,truba,tuba,klarnet,fagot,waltorna trambon,saksafon,ksilofon) 
5.Sazyň taryhy we nazaryýeti 
6.Horeografiýa sungaty 
7.Bagşyçylyk sungaty
 8.Hor dirižýorlygy 
  
Tölegli esasda okadyljak hünärmenleriň taýýarlanýan ugurlary (hünärleri):  
1.Estrada sungaty (fleýta,  truba,  klarnet,  trombon, saksafon, ksilofon,  skripka, fortepiano, akkordeon, bas gitara, gitara, kanun, baglama, wiolonçel, kontrabas) 
2.Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary (fleýta saz guraly boýunça) 
3.Saz mugallymçylygy 
       4. Fortepiano
       5.Aýdym aýtmak sungaty (wokal)
       Ýörite sazçylyk mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. 
Ýörite sazçylyk mekdebiniň Horeografiýa sungaty (Halk tansy) hünärine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatyny, ýurdumyzyň çagalar sungat
mekdeplerini tamamlan, şeýle-de döredijilik we tans toparlarynda tansçy bolup azyndan 1ýyl işlän oglan-gyzlar kabul edilýär.

    Ýörite sazçylyk mekdebiniň Estrada sungaty hünärine Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatyny, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini tamamlan, şeýle-de saz guralynda aýratyn tapawutlanan we estrada saz gurallarynyň görnüşlerinde ýerine ýetirijiligi kämil bolan oglan-gyzlary kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 
—bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; 
—bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 
—umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy; 
—sazçylyk bilimi barada resminamanyň asyl nusgasy; 
—Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 
—soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
—3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 
—işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 
—giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. 
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 
—şahsy pasportyny; 
—Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. 
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. 
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde (Aşgabat ş.) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
    Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 31-02-04-i günleri; 
    
 Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär: 
-sazyň taryhy we nazaryýeti hünäri — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy; 
-horeografiýa sungaty hünäri — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;
Aýdym aýtmak sungaty (wokal) hünäri — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;
-galan ähli hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary  çagalar sazçylyk-sungat mekdepleriniň we Türkmenistanyň orta mekdepleriniň (Türkmenistanyň taryhy) okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 
Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. 
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22, tel.: 92-54-84, 92-52-19.

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19