Milli sazly drama teatrynyň sungat işgärleri baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, baýramçylyk konsertinde teatryň aktýorlary estrada aýdymçylarynyň keşplerini ýerine ýetirdiler. Bu bolsa tomaşaçylaryň hem, aktýorlaryň hem göwnünden turdy.
Türkmenistanyň halk artisti Nury Hudaýgulyýew «Ýylgyr» aýdymy bilen konserti açdy. Tirkeş Mätnazarow bolsa «Meniň gyzlarym» aýdymyny ussatlarça ýerine ýetirdi.
Şeýle hem Nurgözel Gurbangeldiýewa we Yhlas Yslamow gülküli sahna bilen çykyş etdiler diýlip, habarda bellenilýär.