Baharyň görki zenanlar
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň simfoniki orkestriniň hem-de aýdym-saz döredijilik toparlarynyň 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli Ýaşlyk teleýaýlymynyň “Şirin owaz” aýdym-sazly gepleşigine ýazgy edildi. Konsertde ýerine ýetirilen eserleriň aglaba bölegi gyzlar-gelinlerimizi, mähriban enelerimizi wasp edýän aýdym-sazlardan düzülipdir. Konsert Daňatar Öwezowyň “Gyzlar” aýdymy bilen açyldy. Aýdymy mekdebiň mugallymy Çerkezow Begdurdy ýerine ýetirip, Eziz Jumanyýazowyň dirižýorlyk etmegindäki simfoniki orkestr sazandarlyk etdi. Şeýle-de konsertde mekdebiň simfoniki orkestri G.Kulyýewiň täzeden işlän türkmen halk aýdymy “Saçly gyzlar”, D.Öwezowyň “Leýla”,estrada orkestriň sazandarlyk etmeginde oglanlar hor toparynyň ýerine ýetirmeginde N.Muhadowyň “Gyzlar”, halk saz gurallary orkestriň sazandarlyk etmeginde talyp Aşyrow Didaryň ýerine ýetirmeginde A.Esadowyň “Jan ene” ýaly aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle-de türkmen aýdym-sazlary bilen bir hatarda daşary ýurt aýdym-sazlary hem ýaňlandy. Olardan Täjik, Özbek, Rus halklarynyň dost-doganlyk aýdym-sazlary we mekdebimiziň tansçylar toparlarynyň, akkordeonçylar ansamblynyň , estrada orkestriniň ýerine ýetirmeginde sazandalar toparynyň ýerine ýetirmeginde dost-doganlyk sazlary, deprekçileriň ýerine ýetirmeginde “Baýramçylyk sazyny” aýtmak bolar.. Konsert Rejep Rejebowyň watanmyzy wasp edýän “Türkmenistan” atly aýdymy bilen tamamlandy. Aýdymy mekdebiň talyplary Şadykulow Döwletgeldi we Allaşow Wepa ýerine ýetirdiler.
Aýdogdyýewa Bägül
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň mugallymy