Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby üç dilde neşir edildi
Ministrler Kabinetiniň golaýda geçirilen mejlisinde Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň üç dilde: türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir eden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby bilen tanyşdyryldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.