Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly toýdur baýramlara, dabaralara, şanly wakalara beslenýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” hem-de Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi halkymyzy buýsanja besledi. Nowruz ýaýlasynda “Türkmeniň ak öýi” binasynda gurnalan dabara ýürekleri buýsançdan doly türki halklaryň aýdymçylarynyň we türkmen medeniýet sungat işgärleri hem bu ajýyp dabarda özboluşly milli sungatyny suratlandyrdy. Bu medeni çärä Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Bagşylar we Gargy tüýdükçiler topary hem baýramçylyk dabarysyna türkmen milli aýdymdyr -sazlary bilen gatnaşdylar.
Bu aýdym sazly medeni çäre köp öwüşginli bolup, Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlaryndan düzülen bagşy we sazandalaryň ýerine ýetiren halk aýdymlary diňleýjilerde Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” dabarsyna gatnaşyjylaryň kalbynda uly täsir galdyrdy.
Türkmenistanyň at gazanan işgäri Aşyrmyrat Ýazmyradowyň ýolbaşçylyk edýän Gargy tüýdükçiler toparynyň bu dabarada ýerine ýetiren türkmen halk sazlary ” Dilber” “Sona gelin”, “ Bady saba” okuw jaýymyzyň talyby Azat Abdyllaýewiň ýerine ýetiren “Ýagma bulut” “Sona gelin” ýanama aýdymlary diňleýjilerde Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň şanyna geçirilenen toýuň, şatlygyna şatlyk goşdy.
Garryýewa Bägül Ýazmämmedowna
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite
sazçylyk mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty”
mugallymy