Üstünlige ädimler

Arkadagly Serdarymyz ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa döredijilikli çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň içinden halypa şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär. Watanmyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň ähmiýeti diýseň ulydyr. 
Ýurdumyzda milli ylym-bilim mekdebini kemala getirmek, ýaş nesilleriň döwrüň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde biziň hem Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiz hem aýratyn orna eýedir. Talyp ýaşlaryň şahsy döredijiligini açyp görkezmekde, ýerine ýetirijiliklerini ösdürmekde we baýlaşdyrmakda, sungat älemine ilkinji basgançaklaryna ugrukdyrmakda örän wajyp işler alnyp barylýar. Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzyň ündewlerinden ugur alnyp, ýörite sazçylyk mekdebimizde “Halypa-şägirt” gatnaşyklary ýokary derejede durmuşa geçirilýär. Sungata höwesli ýaşlar saýlap alan hünärlerini uly zähmet bilen kämilleşdirýärler, halypalardan degerli maslahatlaryny alýarlar.
Ýaňy ýakynda hem mekdebimiziň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Hojalekowa Aýlaryň, “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň mugallymy Çerkezow Begdurdynyň we “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Dinç Ogulgeregiň talyplary özleriniň konsertleri bilen  Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebinde hem-de Arkadag şäheriniň Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebinde çykyş etdiler. Konsertlere mugallymlar, talyplar we birnäçe myhmanlar gatnaşyp, gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. Konsertde “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň IV ýyl talyby Allaşow Wepa D.Öwezowyň we A.Şapoşnikowyň “Şasenem-Garyp” operasyndan Şawelediň ariýasyny, mugallym Çerkezow B. N.Halmämmedowyň “Gyz”, Ç.Nurymowyň “Zary bilen”, Ý.Meýtusyň “Magtymguly” operasyndan Magtymgulynyň ariýasyny ýerine ýetirdiler. Olaryň hoş owazlary tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.  Soňra “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Hojalekowa A. talyplaryndan Ibragimow Ý., Durdybaýew A., Öwezowa A. daşary ýurt kompozitorlaryň döredijiliklerinden birnäçe eserlerini ussatlyk bilen ýetirdiler. Olar ýerine ýetiren eserlerinde özleriniň ukyplaryny, saz gurallaryna erk edişlerini görkezdiler. “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Dinç Ogulgeregiň talyplary Ataýewa L. kompozitor S.Rahmaninowyň “Ýumoreska” eserini, Azadow G. F.Şopeniň “Rewolýusion etýudyny” ýerine ýetirdiler. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19