Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk seýilgähinde”, “Magtymguly Pyragy-dünýä danasy” atly çäresi

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejesinde giňden bellenilýär. Muňa mysal edilip täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly 60metr heýkeliniň gurulmagy beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna  Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen uly sarpa goýulýar.



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebi we Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamaklarynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk seýilgähinde”, “Magtymguly Pyragy-dünýä danasy” atly aýdym-sazly çäre geçirildi. 



 Bu çäräniň başynda Şöhrat Mededowyň ýolbaşçylyk etmeginde  mekdebiň “Bagşylar ansamblynyň” ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimizi hem-de Magtymguly Pyragyny wasp etýän aýdym bilen başlandy. Soňra bolsa Bagşylar ansamblynyň sazandarlyk etmeginde mekdebiñ “Bagşyçylyk sungaty” bölüminiň talyplary akyldar şahyryň sözlerine birnäçe aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Olardan Baýryýewa Ogulgerek “Aýa döndi” türkmen halk aýdymy şeýle hem Mekdebiň talyby Annaýew Serdar “Bellidir” türkmen halk aýdymy bilen, hem-de Tuwakow Döwlet “Tapmaz sen” türkmen halk aýdymy bilen çykyş etdi.  Türkmen  medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgudyr şygyrlaryna döredilen aýdymlar bilen çäre örän gyzykly geçdi.
Sahydursun Mätiýewa
                                                 Maýa kulyýewa adyndaky Türkmen milli
                                                konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar 
                                                Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite
sazçylyk mekdebiniň “Bagşyçylyk sungaty”
bölüminiň IV ýyl talyby

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19