Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
18-19-njy aprelde TÜRKSOÝ-nyň howandarlygynda Türkmenistandaky Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenmegine bagyşlanan çäreleriň birinji tapgyry geçdi.
Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde TÜRKSOÝ tarapyndan guralan 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginiň maksatnamasynyň açylyş dabarasy şahyryň Dikmen jülgesindäki «Türkmenistan» seýilgähinde ýerleşen ýadygärliginiň öňünde bolup geçdi. Bu çärä TÜRKSOÝ-nyň baş sekretary Sultan Raýew, Türkmenistanyň Ankaradaky ilçisi Mekan Işangulyýew, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory Amanmyrat Aýdogdyýew we beýleki myhmanlar gatnaşdy.
Sultan Raýew öz çykyşynda şeýle diýdi:
Magtymguly türkmen edebiýatynyň çür başynda parlaýan sönmejek ýyldyzdyr. Ol öz döredijiligi bilen diňe bir ýaşan eýýamynda däl, eýsem, tutuş türk dünýäsiniň mirasynda-da çuňňur yz galdyran, hatda şu günem görlüp-eşidilmedik derejede aktual şahyrdyr».
Çykyşyny dowam etdirmek bilen, TÜRKSOÝ-nyň baş sekretary:
«Magtymguly Pyragy şygyrlarynyň inçeden täsirliligi we çuňňur ylhamlylygy saýasynda, türkmen edebiýatynyň iň ähmiýetli wekilleriniň biridir. Onuň eserleri okyjyny duýgusal syýahata ýola salýar, şol bir wagtyň özünde-de türkmen halkynyň ruhuny aýnada ýaly aýdyň görkezýär. Türkmen diliniň ösmeginde, türkmen taýpalaryny birleşdirmegiň we türk dünýäsinde türkmen milletiniň bolmagynyň dili hökmünde Magtymguly ägirt uly ähmiýete eýedir» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.Türkmenistanyň Ankaradaky ilçisi Mekan Işangulyýew 2024-nji ýylda «Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenmegi mynasybetli geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandyklary üçin TÜRKSOÝ-a we Türk Respublikasynyň beýleki guramalaryna hoşallyk bildirdi.
Dabarada çykyş etmek bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutyň rektory Amanmyrat Aýdogdyýew Magtymguly Pyragynyň türkmen medeniýeti we taryhy nukdaýnazaryndan ähmiýetini nygtady, şeýle hem döreden goşgularynyň ony diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, tutuş dünýä edebiýatynyň öňdebaryjy şahyrlary bilen bir hatarda goýýandygyny belläp geçdi. Dabara Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» tans toparynyň ýerine ýetirmeginde şowhunly tans bilen tamamlandy.
19-njy aprelde meýilleşdirilen çäreleriň çäginde TÜRKSOÝ-nyň Baş Sekretariatynyň sergi zalynda «Magtymguly Pyragy we Änew» mowzugy boýunça surat sergisiniň açylyşy boldy. TÜRKSOÝ-nyň metbugat otagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Çäreleriň birinji tapgyrynyň maksatnamasy «Magtymguly Pyragy – türki dünýäsiniň beýik akyldar şahyry» mowzugyndaky konsert bilen tamamlandy.