Türkmenabatda gadymy Amul galasyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün --- 26-njy aprelde Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli, “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu giň gerimli maslahata Türkmenistandan we daşary ýurtlardan meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, gündogarşynaslar, tanymal professorlar we ýaş alymlar, şeýle hem Beýik Britaniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan bilermenler çagyryldy. Olar myhmansöýer türkmen topragynda mähirli garşylandy.

Forumyň öňüsyrasynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda şäherleriniň biri bolan gadymy Amul galasyna bagyşlanan mowzuklaýyn sergi guraldy.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň halkara ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen köp sanly taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna gatnaşmak arkaly özüni işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezendigini aýtdylar.

Bellenilişi ýaly, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda ýerleşýän 31 sany ýadygärligi özünde jemleýän transmilli hödürnama biziň eýýamymyzdan öňki II asyrdan biziň eýýamymyzyň XVI asyryna çenli hereket eden taryhy söwda ýolunyň bu böleginde binagärlik we tehnologiýa, monumental sungat we şäher gurluşygy pudagynda ýokary derejelere ýetilendigini görkezýär.

Çykyşlarda Türkmenistanyň dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklaryny geljek nesiller üçin saklamak boýunça giň möçberli işleri alyp barýandygy nygtaldy.

Maslahatda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de bu düzümiň çäginde Türkmenistanyň ornuny berkitmek, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hyzmatdaşlyk etmek we maglumat alyşmak ýaly möhüm meseleler boýunça pikir alşyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19