Türkmenistanda Dmitriý Şostakowiçiň «8-nji kwarteti» ilkinji gezek ýerine ýetiriler
«Aşgabat kameratasy» ýaş aýdym-saz döredijilik topary Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny täze konsertine çagyrýar.
Konsertiň dowamynda Dmitriý Şostakowiçiň «8-nji kwarteti» ilkinji gezek ýerine ýetiriler. Kompozitor bu eserini «Bäş gün, bäş gije» filmi üçin ýazypdyr. «8-nji kwartet» ilkinji gezek 1960-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda Leningradda ýaňlandy. Premýera sazandalar we diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Şeýle hem konsertde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor, dirižýor, pianinoçy Röwşen Nepesowyň skripka we orkestr üçin täze döreden «Pyragy» eseri hem ilkinji gezek ýerine ýetiriler. Bu kompozisiýa 2024-nji ýylda giňden bellenýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli döredildi.
Konsert agşamynda Ýa.Sibelius, B.Mynbaýew, M.Glinka, F.Şubert, A.Pýassolla, A.Agajikow, K.Karaýew, W.Mustafa-zade, G.Nutti ýaly ägirtleriň eserleri hem ýerine ýetiriler.
Konsert 5-nji maýda sagat 19:00-da «Watan» kinokonsert merkezinde bolar.
Giriş petekleri üçin şu belgilere jaň edip bilersiňiz:
(+993)63206040; (+993)64256336.