“Bäsleşseň bäsleşjek”

Döwletli diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan bilim syýasatynyň esasynda ýaşlara döwrebap bilim berip, bäsleşige ukyply hünärmenler edip ýetişdirmekde uly işler alnyp barýar. Ine, ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli gurnalan “Ýaşlyk mukamy” atly bäsleşik ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň I-II-II ýyl talyplarynyň arasynda geçirilip öz oňyn miwelerini berdi. Bäsleşik bir tapgyrdan ybarat bolup ýaş sazandadyr bagşylaryň zehini bilen utgaşykly bolan ýerine ýetirijilik başarnyklaryny, bäsleşige ukyplylygy ýüze çykarylyp, Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi hem öz başarjaň talyplaryny hödürledi. Netijede  “Bagşyçylyk sungaty” hünäriniň I ýyl talyby Amandurdyýewa Merjen (hünär mugallymy Şöhratberdi Mededow) we “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň II ýyl talyby Täşliýewa Şasenem dagylar I oruna, “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň II ýyl talyby Muhammedow Muhammetaly (hünär mugallymy Guwanç Ataýew), “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň III ýyl talyby Hanow Seýitmuhammet (hünär mugallymy Durdyguly Annaýew) II oruna, “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň III ýyl talyby Kakamyradow Rejepmyrat (hünär mugallymy Mergen Ataýew) hormat hatyna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan talyplara Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapynda Diplomlar we ýädygärlik sowagatlar uly dabara bilen gowşuryldy. Talyplaryň ýeňişli gelmegi mekdebimizi we olara tälim beren halypa mugallymlaryny diýseň guwandyrdy. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri halypa mugallym Durdyguly Annaýew: “Bäsleşik diýseň gyzgalaňly geçdi. Sazandalaryň ezber elliligi, saz eserleriniň mazmunyna görä häsiýetini berip bilişi, sahnada özüňi alyp barmak ýaly endiklere-de syn edildi. Meniň şägirdim Hanow Seýitmuhammet bu bäsleşige yhlasly taýýarlanyp, meşhur türkmen kompozitory Gurban Kulyýewiň “Baýramçylyk mukamy”, şeýle hem türkmen halk sazy “At çapar” sazyny üstünlikli ýerine ýetirip, emin agzalarynyň göwnünden turmagy başardy. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna berýän goldawlarynyň, olar üçin edýän atalyk aladalarynyň ählisi biziň ýaşlarymyza badalga bolýandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyza näçe alkyş aýtsaňam az. Goý olaryň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Biz hem şular ýaly bäsleşige ukyply talyplary ýetişdirmekde zähmetimizi gaýgyrmarys” diýip, öz ýürek buýsançlary bilen paýlaşdy. Gujurly ýaşlary öňe ruhlandyrýan şular ýaly bäsleşikleriň we ýeňişli baýraklaryň sany köp bolsun! Zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda giň mümkinçilikleri döredip beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, halk bähbitli tutumly işleri ak ýollarda rowana bolsun!

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19