Zehin bäsleşigi talyplary has-da joşdurdy

Zehin bäsleşigi talyplary has-da joşdurdy



Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow
adyndaky TDÝSM-niň talyp ýaşlaryň arasynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ““Magtymguly”
diýip adym tutsalar” atly bäsleşigi geçirildi. Talyp ýaşlaryň arasynda Magtymgulynyň
goşgularyna döredilen ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirmäge höwesli bolanlary işjeň
gatnaşyp, olar öz zehin ukyplaryny, başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşik üç
sany şertler boýunça geçirilip, 1-nji şertinde Magtymguly Pyragynyň sözlerine
düzülen türkmen halk aýdymlaryny milli saz gurallary bolan dutardyr gyjagyň
sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirmekden ybaratdy. 2-nji şerti bolsa islendik
saz guralyň sazandarlyk etmeginde Pyragynyň sözlerine döredilen bir aýdymy
ýerine ýetirmek we soňky 3-nji şertinde türkmen ýa-da daşary ýurt aýdymlaryndan
islendik temadaky aýdymy ýerine ýetirmek boldy. Ýokarda agzalan şertler boýunça
talyplar bäsleşikde dana şahyryň Watançylyk, dostluk, söýgi, ynsanperwerlik
baradaky şygyrlaryna döredilen  aýdymlary
buýsanç bilen ýerine ýetirdiler. Bu bolsa ýaşlarda ýokary ahlaklylyk ýaly
gymmatlyklary terbiýelemäge ýardam berýär. Talyplaryň ýerine ýetiren aýdymlary
tomaşaçylarda ruhybelentlik we mähirli duýgulary oýardy. Bäsleşik gyzykly
duýgular bilen jemlenip, tapawutlanan talylalar emin agzalar tarapyndan saýlandy:
I-nji orna “Bagşyçylyk’ sungatynyň  2-nji
ýyl talyby Abdyllaýew Azat, II orna “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň 1-nji
ýyl talyby Orazmämedow Mukam, III orna bolsa “Türkmen milli saz gurallary”
bölüminiň 2-nji ýyl talyby Berdiýewa Tylla we “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň
2-nji ýyl talyby Aýdogdyýew Mekan dagylar bolup, mekdebiň direktorynyň
orunbasary we mekdebiň Ýaşlar guramasy tarapyndan diplomlar we ýadygärlik
sowgatlar uly dabara bilen gowşuryldy. Şeýle hem, bäsleşige gatnaşan talyplary höweslendirmek
maksady bilen ýaşlar guramasy tarapyndan hormat hatlary we sowgatlar bilen sylagladylar.
Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýädäki şöhratyny has-da
artdyrmak, onuň döredijiligini içgin öwrenmäge “Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy” ýylynda  has-da uly itergi
berýär. Türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň
döredijiligi ösüp gelýän nesillere nusgalyk terbiýe mekdebidir.



 



Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky 

Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen
döwlet sazçylyk mekdebiniň 

“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallaymy
Aýnur Aratjanowa.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19