Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde konsert geçirildi
Garaşsyz Bitarap watanymyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler medeniýet we sungat işgärlerini döredijilikli zähmet çekmäge, işlemäge, döretmäge, öwrenmäge ruhlandyryp barha oňe alyp barýar. Ýurdumyzda Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenýär.
Ýakynda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Simfoniki orkestri, we Ýekelikde aýdym aýtmak bölüminiň mugallymlary we talyplary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde konsert programmalary bilen çykyş etdiler. Konsertde ýerine ýetirilen eserleriň aglaba bölegi belli türkmen kompozitorlarynyň sazyna Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen eserler bolup, dabaranyň başy ýygnanan okuw jaýynyň mugallymlar we talyp ýaşlaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen başlandy.
Konserdiň başynda Eziz Jumaniýazowyň ýolbaşçylygyndaky mekdebiň simfoniki orkestri N.Halmämmedowyň döreden “Şüküriň at çapyşygy”, “Toý kerweni”, ýaly meşhur sazlary ýerine ýetirip, mekdebiň Aýdym aýtmak sungaty bölümüniň mugallymy Ogulgerek Pirnäýewa N.Halmämmedowyň döreden “Hüwdi” eserini, we “Aýgytly ädim” kinofiliminden Artygyň aýdymyny mugallym Mergen Ataýew ýerine ýetirdiler.
Kompozitor Suhan Tüýliýewiň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döreden “Ýeldim tut” aýdymyny mekdebiň Aýdym aýtmak sungaty bölüminiň talyby Rejepmyrat Kakamyradow ýerine ýetirip, şeýle-de N.Halmämmedowyň “Keçpelek” kinofiliminden Keçpelek-Duran ýerlerini we mekdebimiziň talyby ýaş kompozitor Yhlas Artykowyň döreden “Aýryldym” aydymyny mekdebiň mugallymy Çerkezow Begdurdy uly buýsanç bilen ýerine ýetirdi. Oraz Berdiýewiň döreden “Ýatla meni” aýdymyny Kemal Möwlamberdiýew ýerine ýetirdi. Mundan başgada Türkmen halk aýdymy “Baga seýle” we kompozitor Daňatar Hydyrowyň sazyna, Gurbannazar Ezizowyň sözüne “Ýaýla hüwdüsi” eserini Mämmet Nuryýew ýerine ýetirdi. Konsertiň ahyrynda mugallymlary we talyplary konserdiň diýseň gyzykly bolandygyny aýdyp öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Medeniýetimizi gülletmekde we ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikler döredip beren, medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý olaryň janlary sag, belent başlary aman, il ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin.
Nurana Annaberdiýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň mugallymy