Sungat älemine syýahat

Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gül açýan zamanasynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzyň her bir güni dabaraly wakalara beslenýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň talyplary bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde  “Magtymguly Pyragy-türkmen halkynyň milli edebi mirasynda” atly muzeý gymmatlyklarynyň  gurnalan sergisine gatnaşdylar. Türkmen halkynyň milli medeni gymmatlyklaryny, sungat eserlerini, taryhy geçmişini has içgin öwrenmek ösüp gelýän ýaş nesillerde aýratyn gyzyklanma döredýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, mekdebimiziň mähriban talyplary muzeý gymmatlyklary, muzeýiň bölümleri bilen içgin tanyşdylar. Muzeýiň birinji gaty “Garaşsyzlyk” diýip atlandyrylyp, talyplar bu ýerde taryhy döwürleri, halkyň gahrymançylykly geçmişini şeýle-de taryhy şahsyýetleri görkezýän surat portretleri, belli tanymal suratkeşleriň döreden eserleri bilen tanyşdylar, aýratyn hem türkmen şekillendiriş sungatynda öçmejek yz galdyran Aýhan Hajyýewiň, Yzzat Gylyjowyň, Bäşim Nuralynyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden portret sungat eserleri has-da täsirli boldy. Mundan başga-da  muzeýiň “Gadymy sungat” zalynda Marguşda, Köne we Täze Nusaýda, Ýylgynly depeden hem-de Meleheýran ýadygärliginden tapylan tapyndylar, bürünçden ýasalan  gymmatlyklar  muzeý ekspozisiýasynda aýratyn orny eýeleýändigine aýdyň göz ýetirildi. Muzeýiň ikinji gaty “Daşary ýurt sungaty” bölümi diýlip atlandyrylýar. Bu ýerde Günbatar Ýewropa, rus sungatyna degişli eserler, şeýle hem Gündogaryň ýagny Hindistanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň amaly-haşam sungatlary, sungat eserlerini görmek bolýar. Bu bölüm hem talyplarda täsin duýgylary galdyrdy. Ekskursiýa sapagy esasynda “Dünýä sungatynyň taryhy” dersinden öwrenilen nazary maglumatlara aýdyň göz ýetirip, milli mirasymyza, halkyň döreden çeperçilik sungatynyň gymmatyna düşünmegi, dürli döwürlerde sungatyň görnüşleriniň ähmiýetini öwrenmäge mümkinçilik döretdi.  Bagtyýar döwrümizde bize türkmen halkynyň däl, eýsem dünýä medeniýetiniň sungat eserleriniň taryhyna göz ýetirmäge, öwrenmäge giňden ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris!
Aýnur Aratjanowa,
                  Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky 
TDÝSM-niň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19