Türkmenistan we TÜRKSOÝ medeni hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti TÜRKSOÝ-nyň baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşdy. Duşuşykda 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Änew şäheri «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly çäreleri geçirmek barada pikir alyşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.Duşuşygyň möhüm mowzugy beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem-de TÜRKSOÝ, ÝUNESKO we beýleki halkara guramalaryň çäginde gadymy Änew şäheriniň medeni ähmiýeti boldy.
Taraplar şeýle hem hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny gorap saklamagy, öwrenmegi we wagyz etmegi maksat edinýän Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-nyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellendi.
Türkmen wekiliýeti TÜRKSOÝ bilen mümkin bolan ähli gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinilýändigini aýtdy.
Şeýle hem, TÜRKSOÝ-nyň ştab-kwartirasynda türkmen wekiliýetiniň agzalary beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19