«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyry geçirildi

Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerindäki «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanan zehinli ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Bäsleşigiň şertine görä, oňa gatnaşyjylar bir aýdymy saz bilen, ýene birini bolsa sazsyz ýerine ýetirdiler.

Dabaraly medeni çäräniň ahyrynda aýdym-saz sungatynyň görnükli wekillerinden ybarat eminler topary Halaç etrabyndan Saparmyrat Tekäýewi we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby, Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň ýaşaýjysy Serdar Jumaýewi bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýip yglan etdi. Olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19