«Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry welaýatyň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň meýdançada geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.Bellenilişi ýaly, bäsleşige deslapky tapgyrlarda ýeňiş gazanyp, öňe saýlanan ýaş höwesjeň aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. Olar bilelikde, ilki bilen, «Alkyş Size, Arkadagly Serdarymyz!» diýen aýdymy uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler.
Ýaş zehinleriň sahnada özüni alyp barşyna, egin-eşigine, aýdymlaryň sözüni dogry ýerine ýetirişine eminler topary tarapyndan mynasyp baha berildi. Jemleýji pursatda aýdymçylar «Berkararlyk şanyna ýaňlan, Diýarym!» diýen aýdymy belent heňde ýerine ýetirdiler.Bäsleşikde ýaş zehinli aýdymçylaryň ikisi — Sakarçäge etrabyndan Ýusup Orazgylyjow hem-de Mary şäherinden Mähri Hojakowa ýeňijiler hökmünde yglan edildi. Olar telebäsleşigiň döwlet derejesinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.