Moskwa konserwatoriýasynda Magtymguly Pyragynyň mirasy barada umumy sapak geçiriler

Moskwa konserwatoriýasynda Magtymguly Pyragynyň mirasy barada umumy sapak geçiriler

21-nji awgustda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda geçiriljek Magtymguly Pyraga bagyşlanan konsertiň öňýanynda «Magtymgulynyň mirasy we häzirki zaman aýdym-saz sungaty» atly umumy sapak geçiriler. Bu barada asmannews.ru ýazýar.

Umumy sapagy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz taryhy bölüminiň uly mugallymy Leýla Babaýewa geçer.

Umumy sapagyň esasy maksady beýik şahyryň dünýä medeniýetine, şol sanda aýdym-saz sungatyna goşan goşandyny beýan etmekden ybarat bolar.

Magtymguly Pyraga bagyşlanan çäreleriň Moskwanyň «Dostlary ýygnamak» atly XVIII festiwalynyň çäginde boljakdygyny ýatladýarys.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19