Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň durmuş ýoly hakynda ilkinji monospektakl taýýarlanylýar

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry teatr möwsümini bir aktýoryň ýerine ýetirýän «Pähimdar» atly sahna oýny bilen açmaklyga taýýarlanýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şahyryň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Döwletmyrat Hanmämmedow ýerine ýetirýär. Bu eseriň edebi ýazgysy Gadam Kakabaýewiňki we oýny sahnalaşdyran Türkmenistanyň at gazanan artisti Handurdy Berdiýewdir.

Bu eser beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň türkmen teatrlarynyň sahnalarynda goýlan durmuş ýoly hakyndaky ilkinji monospektakldyr. Magtymguly Pyragynyň ykbaly, türkmen halkynyň we tutuş adamzadyň ykbaly bilen berk baglanyşyklydyr. Şahyr adamlary dawa-jenjelsiz, adalatly dünýä, ýagty geljege çagyrýar.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19