Liwiýanyň Aşgbatdaky ilçihanasy konserte çagyrýar

Liwiýanyň Aşgbatdaky ilçihanasy konserte çagyrýar

2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda özboluşly sungat çäresi geçiriler. Liwiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabat şäheriniň ähli ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ýurduň asyl sazlarynyň konsertine çagyrýar.

Liwiýanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, konsert «Türkmenistan» kinoteatrynda geçirilip, ol sagat 17:00-da başlanýar. Guramaçylar Liwiýanyň asyl sazlary janly ýerine ýetirijek bu çäräniň diňleýjilerde ýatdan çykmajak täsir galdyrjakdygyna ynandyrýarlar.

Aýratyn bellenilip geçilmeli tarapy, konserte giriş ähli isleg bildirýänler üçin mugtdur. Bu konsert aşgabatlylar we türkmen paýtagtynyň myhmanlary üçin Liwiýanyň saz sungaty bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik bolar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19