“Bilimler we Talyp ýaşlar güni”

Güýz  aýlarynyň    
ilkinji  günlerinde   bellenilýän 
“Bilimler  we  Talyp 
ýaşlar  güni”  2024-2025-nji 
okuw  ýylynyň  başlanmagy 
mynasybetli  baýramçylyk  dabarasy 
biziň  okuw  jaýymyz,   Maýa 
Kulyýewa  adyndaky  Türkmen 
milli  Konserwatosiýasynyň  ýanyndaky 
Daňatar  Öwezow  adyndaky 
Türkmen  döwlet  ýörite 
sazçylyk  mekdebinde  hem 
uly şatlyk  dabaralar  bilen 
bellenilip  geçildi.



       “Pähim –paýhas  ummany 
Magtymguly  Pyragy “   ýylymyzda 2024-2025-nji okuw ýylynda  talyp bolmak 
bagty  miýýeser  eden 
talyp  deň-duşlarymyz   ýatdan 
çykmajak  begençli,  buýsançly duýgulary    başdan 
geçirdiler.   Talyp  ýaşlarymyz 
ilkinji  okuw  jaýyna 
gadam  basan  günlerinden   
bilimiň  binýadyny  beýgeltmek, ony  ösdürmek 
üçin   medeniýetimiziň ,
sungatymyzyň  ösmegine  uly 
goşant  goşjak ýaşlar  bolup 
ýetişjekdiklerini  uly  buýsanç 
bilen  aýtdylar.



       Bilimler  we 
talyp  ýaşlar  güni 
mynasybetli geçirilen 
konsertde  bu  okuw 
jaýymyzyň   I ýyl   talyplarynyň 
ýerine  ýetiren “Söýgi  mukamy” , Türkmen Halk   aýdymy 
“Selbinýaz”,  “Ussada” ,
“Tokkata”, “Gyzlar
  tansy”, “Trantella”
ýaly
  nusgawy  eserleri bilen   konsertiň 
jemini     “Aýdym 
aýtmak  sunagty”  bölüminiň I 
ýyl  talyplarynyň  ýerine 
ýetirmeginde    türkmen  kompozitory 
 Nury  Muhadowyň 
 “Türkmenistan  lälezar “ 
aýdymy  bilen  jemlenilmegi 
bu   konsertiň  şatlygyna 
şatlyk  goşdy.



           Bize  şeýle  mümkinçilikler  döredip 
berendigi  üçin, türkmen   medeniýetimizi,  sungatymyzy 
açyp görkezmäge 
mümkinçilikler  döreden,     medeniýetimiziň,  sunagtymyzyň 
Hak  Howandary  Gahryman 
Arkadagymyzyň we    Arkadagly 
Gahryman  Serdarymyzyň
janlarynyň  sag,  belent başlarynyň  aman bolmagyny  tüýs 
ýüregimden  arzuw  edýärin.  Goý, olaryň 
janlary  sag bolsun, tutýan  tutumly 
işleri  elmydama  rowaçlyklara 
beslensin! 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19