Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň teatry möwsümini täze sahna eseri bilen açdy
Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlap täze sahna eseri bilen teatr möwsümini açdy.
Dramaturg O. Öwezowyň ssenarisi boýunça režissýor B. Hallyýewiň goýmagynda döredilen teatrlaşdyrylan aýdym-sazly ajaýyp sahna çykyşy Magtymguly Pragynyň eserlerine esaslanýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.
Täze spektaklda beýan edilýän wakalar beýik akyldar şahyrymyzyň Hywada okandan soň dogduk mekanyna gaýdyp gelen döwrüni öz içine alýar. Obadaşlary Magtymgulynyň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, olar onuň goşgularyndan setirleri ýatlap, şolara düzülen aýdymlary aýdýarlar... Wakalar ýaýbaňlandygyça Magtymgulynyň döredijiligine mahsus bolan Watan, garaşsyz hem berkarar türkmen döwleti, halky agzybirlige hem jebislige çagyryş, ýagşylyk we adalatlylyk ýörelgeleri ýaly esasy pikirler spektaklyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Täze spektaklda Magtymgulynyň keşbi iki zehinli aktýor H Muhadow bilen D. Baýarow tarapyndan ýerine ýetirilýär, Meňliniň keşbinde N. Hydyrowa, Mergen hojanyň keşbinde bolsa T. Garlyýew oýnaýar. Sahna eserine teatryň beýleki köp sanly artistleri, şol sanda Türkmenistanyň at gazanan artistleri H. Şyhyýew we M. Seýidow gatnaşýarlar.
Täze möwsümde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ýaşaýjylaryna teatr tarapyndan taýýarlanan birnäçe premýeralar, şol sanda iň ýaş tomaşaçylar üçin täze sahna eserleri garaşýar. Ozal habar berşimiz ýaly, täze möwsümde teatryň topary Magtymguly Pragynyň döredijiligine bagyşlanan ýene bir täze sahna eserini — görnükli türkmen ýazyjysy we dramaturgy Hemra Şirowyň eseri boýunça «Şygyr diwany» pýesasyny tomaşaçylara hödürlemäge taýýarlaýar.