MOSKWADA ”MAGTYMGULY, SÖZLÄR TILI TÜRKMENIŇ” ATLY KONSERT GEÇIRILDI

MOSKWADA ”MAGTYMGULY, SÖZLÄR
TILI TÜRKMENIŇ”
ATLY KONSERT GEÇIRILDI



            Şu ýylyň 21-nji awgustynda “ Dostlary
jemleýäris ”
atly XVIII  halkara aýdym-saz  festiwalynyň çäklerinde Moskwanyň  P.I.Çaýkowskiý
adyndaky  döwlet konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda  türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, ajaýyp
söz ussady we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dogulan güniniň
300 ýyllygyna bagyşlanyp,”Magtymguly, sözlär tili türkmeniň” atly konserdi uly
üstünlik bilen geçirildi.






 



Özüniň gutlag ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Russiýa
Federasiýasyndaky  ilçisi E.Aýdogdyýew
“Şu günki konsert hakykatdanam  Magtymguly Pyragynyň adynyň Russiýada ägirt
uly hormata eýediginiň we onuň  ykrar
edilmeginiň, iki ýurduň  halklarynyň  arasyndaky aýrylmaz dostlyk bagynyň we özara
hormatyň aýdyň subutnamasy bolup durýar .



        Şu ýyl Russiýada Magtymguly Pyragynyň 300
ýyllyk ýubileýi giňden bellenilýär.
Moskwa,
Sank-Peterburg , Astrahan,
Kazan
– bu Russiýanyň çäklerinde geçirilýän we dowam etdiriljek dabaraly
çäreleriň  äldir. Türkmenistanda muňa
yokary baha berilýär.



 Türkmen
Aýdymçy-sazandalarynyň  konsert
programmalarynda Magtymguly Pyragynyň goşgylaryna ýazylan wokal we instrumental
eserler, şeýle hem türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyryna bagyşlanan
kompazisiýalar uly orun tutdy. Konserdiň guraýjylary bolup Türkmenistanyň Russiýa
Federasiýasyndaky Ilçihanasy, N Halmämmedowyň adyny göterýän



“Dutaryň
owazy”
festiwalynyň
direktory M.Guseýnow we Moskwa döwlet konserwatoriýasy çykyş etdiler.



           Bu uly  halkara dost-doganlyk çäresinde Russiýaly wokal
aýdymçylar bilen bilelikde, Maýa
Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-nyň
 mugallymlary
Seýran Kasimi we Begdurdy Çerkezow  çykyş
etmek bagty nesip etdi. Bu bolsa meniň durmuşymda iňbir ýatdan çykmajak  şatlykly hem tolgundyryjy pursatlaryň biri
boldy.   Sebäbi  ol konserwatoriýada  biziň adybelli nusgawy  kompazitorlarymyz, wokal aýdymçylarymyz,
birnäçe sazanda halypalarymyz  halypa
diriziorlarymyz  okap bilim alypdyr. Ol
sahnalarda bolsa bizede çykyş etmek uly bagt. 
Bu konsertde adyndan belli boluşy ýaly Magtymguly Pyragynyň sözlerine düzülen aýdymdyr romanslary  fortepiano saz guraly bilen bilelikde  ýerine ýetirdim. Has dogrysy türkmen
kompazitorlarymyzyň sazyna ýazylan eserleri daşary döwletlerde ýerine ýetirmek,
olary giňden ýaýmak biz üçin uly bagt we borç bolup durýar.






            Bu konsert mende uly täsir galdyrdy we
gelejekki etmeli  işlerime  uly  höwes döretdi. Men bu konsertde W.Muhadowyň  “Bu derdi”romansyny,  N.Halmämmedowyň ”Pukaraýam” romansyny,Ý.Meýtusyň Magtymgyly operasyndan “Magtymgulynyň ariýasyny” we  Russiýaly kompazitor M.Guseýnowyň ”Meniň topragym” diýen eserlerini
ýerine ýetirdim. Diňleýjiler türkmen aýdymçy-sazandalarymyzyň çykyşyny uly
höwes bilen diňlediler. Bize öz zehinimizi 
 türkmen saz sungatymyzy dünýäniň çar
künjinde açyp görkezmek we ýaýmak üçin birnäçe mümkinçilikleri döredip berýän
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdarymyza özümiň çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin.Goý Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janylary sag, ähli il-ýurt
bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.



                    
Begdurdy Çerkezow



                                                            
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky



                                                  Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-nyň



  ”Aýdym aýytmak
sungaty” bölüminiň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19