Aşgabatda Türkmenistanyň halk teatrlarynyň bäsleşiginiň final tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen halk teatrlarynyň arasyndaky «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi jemlendi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda ilki bilen bäsleşigiň Balkan welaýaty boýunça ýeňijisi — Magtymguly etrap medeniýet merkeziniň halk teatry «Magtymguly Pyragy» atly spektakl bilen çykyş etdi.

Soňra sahnada bäsleşigiň Daşoguz welaýaty boýunça ýeňijisi — Akdepe etrabynyň Andalyp şäherçe medeniýet bölüminiň halk teatrynyň döredijilik topary «Magtymguly» atly bäş görnüşli sahna oýny bilen çykyş etdi.

Günüň ikinji ýarymynda döredijilik bäsleşiginde Lebap welaýaty boýunça ýeňiji bolan Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet merkeziniň halk teatrynyň «Magtymguly şahyr» atly sahna oýny görkezildi.

Döredijilik bäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça ýeňijisi bolan Sakarçäge etrap medeniýet merkeziniň halk teatrynyň «Hakdan halatly şahyr» atly sahna oýny hem ýatda galyjy boldy.

«Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» aty döredijilik bäsleşigine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň «Köňül guşy» atly sahna oýnuna hem tomaşa etdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, «Halk teatrlarynyň işini guramagyň täzeçe usullary hem-de öňde durýan wezipeler» atly iş maslahaty-da geçirildi. Bäsleşigiň çäginde halypalaryň ýaş artistler bilen döredijilik duşuşyklarydyr ussatlyk sapaklary hem geçirilip, tejribe alşylmagyna giň mümkinçilikler döredildi.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19