Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33-ýyllyk toýuna
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33-ýyllyk toýuna
Berkarar döwletiň taze galkynyşy döwründe türkmen halkymyz toýlara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň Şanly 33 ýyllyk toýuna bagyşlanyp ýurdumyzyň Arkadag Aşgabat şäheriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Ýaşlaryň bagtyýarlygy - Watanymyzyň buýsanjy” atly geçirilen bäsleşikde biziň okuw jaýymyz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiz hem gatnaşdy hem-de II orna mynasyp boldy.
“Pähim -paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda toýlary toýlara ulaşýan Türkmenistan Ata Watanymyzda kalplary hujuwdan doly ýaşlaryň ukyp başarnygyny, döredijilik ylhamyny joşdurýan bu bäsleşik ähli halypa mugallymlarynyň we talyplarynyň kalplaryny joşguna besledi. Bu bäsleşikde talyp ýaşlar şertler boýunça Ata Watanymyza , ene topragymyza, halal ,ynsanperwer, päk-ahlaklylygy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan söýgüsini çykyşlarynda görkezmegi başardylar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli diýarymyzyň ähli ýerlerinde geçirilýän dabaralaryň şatlyk-şowhuny äleme dolýan günlerinde, bu baýramçylyk biziň okuw jaýymyz üçin hem täze döredjilige, täze –täze eserleri döretmege ruhlandyryjy toý sowgady boldy.
Medeniýetimiziň Hak Howandarlary, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de bütin türkmen halkyny Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň Şanly 33 ýyllyk toý bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.