Türkmenistanly okuwçylar GDA ýurtlarynyň çagalarynyň birinji Delfiý oýunlarynda baýraklara mynasyp boldular
Şu ýylyň 30-njy sentýabry – 5-nji oktýabry aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň çagalarynyň birinji Delfiý oýunlary geçirildi. Oňa Türkmenistandan hem zehinli çagalar fortepiano, skripka, halk saz gurallary, estrada we halk aýdymyny ýerine ýetirmek, şekillendiriş sungaty ugurlary boýunça gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
"Türkmenistan" gazetinde habar berlişi ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň 14 ýaşa çenli çagalarynyň arasynda ilkinji gezek geçirilen bu halkara bäsleşige Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarus, Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan, Ermenistan we Gyrgyz Respublikalaryndan zehinli çagalaryň jemi 500-den gowragy gatnaşdy.
Birinji açyk çagalar Delfiý oýunlaryna 6 ugur boýunça Türkmenistandan gatnaşan zehinli çagalaryň 12-si bäsleşigiň 2-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanyp, olaryň 8-si baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardy.
Hususan-da, bäsleşigiň netijeleri boýunça:
Leýli Jepbarowa — Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy, halk aýdymyny ýerine ýetirmek ugrundan 1-nji orny eýeläp, altyn medala mynasyp boldy;
Milara Tahyrjanowa — Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy, skripka hünäri boýunça 3-nji orny eýeledi we bürünç medal gazandy;
Muhammetnur Ýaranow — Aşgabat şäheriniň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçysy, şekillendiriş sungaty boýunça 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy.
Türkmenistana wekilçilik eden çagalaryň ýene-de bäşisi estrada aýdymyny ýerine ýetirmek boýunça hem-de fortepiano, skripka, akkordeon we bagşy hünärleri boýunça zehinini görkezip, ýörite diplomlar bilen sylaglandylar.