TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynyň II teatr festiwaly we ýaş sazandalar

TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynyň II teatr festiwaly we ýaş sazandalar
Oktýabr aýynyň 18-ne Paýtagtymyzda TÜRKSOÝA-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň başlanmagy bilen gözel Aşgabadymyz şatlyk-şowhuna beslendi. Dostluk-doganlyk döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmek maksady bilen geçirilen bu festiwal dürli döwletleriň sahna ussatlarynyň özara tejribe alyşmaklaryna, sanha medeniýetini kämilleşdirmekligine gönükdirilendir. Dabaraly baýramçylyk gözel paýtagtymyzda ýerleşýän, naýbaşy artistleri bir sahnada jemleýän Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň geçirilen mermer daşly binasynyň girelgesinde gurnalan aýdym-sazly çykyşlar foruma gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Festiwala gatnaşyjylary we oňa tomaşa etmäge gelen sahna ussatlaryny aýdym-sazly çykyşy bilen garşy almak Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplaryndan düzülen kamera orkestrine ynanylmagy  aýdym-saz sungatynyň bu mukaddes ojagynyň mertebesini ýene bir gez beýgeltdi. “Türkmeniň Altyn Asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Guwançmuhammet Saparalyýewiň ýolbaşçylygynda kamera orkestri kinorežissýor Bulat Mansurowyň ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň adybir powestiniň esasynda düşüren “Şükür bagşy” atly kinofilminden “Şüküriň at çapyşy” diýen sazyny diňleýjileriň dykgatyna ýetirdiler. Nury Halmämmedowyň millilige baý bolan saz diliniň professional saz dili bilen utgaşyklygynyň netijesinde dörän bu saz eseriniň ýaňlanmagy diňleýjileri bir salym orkestriň ýanynda aýak çekip, eseri lezzetlik bilen diňlemeklige maýyl etdi. 
Bu festiwalyň çäklerinde Änew şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ muzeýler birleşiginiň III döwürleýin maslahatyna gatnaşyjy myhmanlaryň öňünde çykyş etmek hem ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlaryndan düzülen kirişli kwartet toparyna ynanyldy. Kirişli kwartet toparynyň ýerine ýetirijileri bolan Muhammetdurdy Rahymow, Ýazberdi Jepbarow, Elman Nasyrow we Merdanberdi Baýramow ýaly öz hünärine ezber sazandalar dürli döwletleriň saz eserlerinden düzülen konsert çykyşlary bilen foruma gatnaşyjylaryň armasyny ýetirdiler. 
Şeýle dabaraly baýramçylyklarda, şanly seneler mynasybetli geçirilýän döwlet derejesindäki çärelerde öz hünärleri bilen halkymyzyň şatlygyna şatlyk, begenjine begenç goşýan ýaş sazandalar Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip beren şeýle mümkinçiliklerine biragyzdan öz minnetdarlygyny bildirýärler. Medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýüzüne ýaýýan şeýle dabaraly baýramçylyklaryň yzygiderli toýlanyp durmagyny tüýs ýüreginden arzuwlaýarlar.
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy
Mähriban Jumaýewa 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19