SAGDYN NESIL-KUWWATLY WATAN
SAGDYN
NESIL-KUWWATLY WATAN
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
taýsyz tagallasy bilen, köptaraply işler netijesinde
ilatyň saglygyny goramak
we pugtalandyrmak maksady
bilen giň gerimli çäreleriň
hatarynda köpçülikleýin bedenterbiýe
we sport bäsleşiklerini geçirmäge oňaýly şertleriň
döredilýändigi buýsanç bilen
bellenilmäge mynasypdyr. Türkmenistan Watanymyzda üstünlikli
durmuşa geçirilýän Ýaşlar syýasatynyň
esasy ugurlarynyň biri hem bedenterbiýe we
sport ulgamydyr. Häzirki döwürde
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
ykrar eden “Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty gollamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy” esasynda ýola
goýulan işler hem munuň
aýdyň subutnamasydyr.
Ynha, ýaňy ýakynda
orta hünär okuw
mekdepleriniň arasynda gyzgalaňly sport bäsleşigi geçirildi.Şol bäsleşikde
biziň okuwmyzyň höwesjeň talyplary ýagny, Türkmen milli saz gurallar bölüminiň III ýyl talyby Orunbaýew Alp Arslan sportuň
uzynlygyna bökmek görnüşine, şol bölümiň II ýyl talyby Welhanow Ylham sportuň
estafeta görnüşine, Umumy fortepiano bölüminiň II ýyl talyby Hojanow Geldimyrat
sportuň 100 metre ylgamak görnüşine gatnaşmagy
hem-de mynasyp orunlary
eýelemekleri biziň, ýagny Maýa Kulyýewa
adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar
Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite
sazçylyk mekdebiniň abraýyny
has-da belende göterdi. Okuw
mekdebimizde her bir
geçilýän bedenterbiýe
sapaklarynda talyp ýaşlara sagdyn durmuş
ýörelgesiniň gymmaty barada, bedenterbiýe
we sportuň adam
saglygyna ýetirýän täsiri barada ylmy-tejribe esasynda
düşündirilýär. Bu bolsa
ýaşlaryň sport we
bedenterbiýe çärelerine we
bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryna , olaryň şol
bäsleşiklerde ýokary üstünliklere
eýe bolmaklaryna ýardam berýär. Bularyň ählisi
bolsa ýurdumyzyň sport
ulgamynyň has-da kämilleşmegine uly
ähmiýet berýär. Bu barada
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow “Ýaşlar Watanyň
daýanjy” atly kitabynda:
“Biz ynsan saglygyny ähli
zatdan ileri tutup, beden
we ruhy taýdan kämil
nesli kemala getirmäge
uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu
asylly maksatlarynyň amala
aşyrylmagynda sport esasy
orunlaryň birini eýeleýär”
diýip, ýerlikli belläp geçýär.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwri ynsan
saglygyny goramak, sport we
bedenterbiýäni ösdürmekde täze
sepgitlere ýetilýän döwür
hökmünde taryha altyn
harplar bilen ýazylýar. Döwletimiziň sport
ulgamyny dünýä ýaýmaga , ösdürmäge, kämilleşdirmäge uly
mümkinçilikleri döredip berýän
Milli Liderimiz Gahryman
Arkadagymyza , Gahryman
Arkadagymyzyň nesil dowamaty
Arkadagly Gahryman Serdarymyza
köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, olaryň janlary
sag, ömürleri uzak, tutýan
tutumly işleri hemişe
rowaçlyklara beslensin!
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-yň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Bagşyçylyk
sungaty” bölüminiň 3-nji ýyl talyby Orazowa Merjen