Ussadyň dowamly ýoly
Ussadyň dowamly ýoly
Halk hakydasynyň aňyrsyna göz ýetirmek ýok. Ýyllar geçip, asyrlar aşdygysaýy onuň gerimi giňeýär. Rowaýatlarda, eserlerde arkaly many goýazylygy artýar. Ähmiýeti çuňlaşýar. Bu sözleri şabram şelpelerden döreýän şirin owazlary gadymy topragymyza, halkymyzyň kalbyna müdimi siňen Şükür bagşy, Sahy Jepbarow ýaly ussatlar babatda hem aýtsa bolar. Sebäbi Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň halkymyza gurup beren Arkadag şäherindäki çagalar sungat mekdebine meşhur sazanda Şükür bagşynyň ady hem-de ýörüte sungat mekdebine bolsa Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarowyň ady dakyldy.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa...” atly kitabynda şeýle jümleler getirilýär: “At-owazasy ýurdumyzyň çäginiň daşyn-da ýaýran Şükür bagşy hem köp sanly ukyply şägirtleri ýetişdirdi. Onuň şägirtleriniň biri bolan Gurbandurdy Mahy-da öz gezeginde Durdy Myradow we Hezret Şiriýew ýaly zehinli sazandalary ösdürip ýetişdirdi. Köşi obasyndan Hally bagşynyň halypalyk mekdebinde halk sazynyň gadymy nusgasyny Sahy Jepbarow, Oraz Sopyýew, Orazberdi Gurbanmyradow ýaly şägirtleri dowam etdiripdirler”.
Hawa, aradan wagt geçer. Arkadag şäherindäki Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebini tamamlanlaryň hem ençemesi ussatlyga ýetişer. Şonda olar sungatyň uly dünýäsine barýan ýoldaky ilkinji ädimleri hakda söz açylanda: “Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebini tamamladym” diýip, ussadyň adyny buýsanç bilen dile getirerler.
Her birimiziň kalbymyzda geçmişimize buýsanç, şu günimize guwanç, geljegimize ynam döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, berk jan saglyk, gadamlaryna rowaçlyk arzuw edýäris.
Toýly Orazgeldiýew,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Türkmen milli saz gurallary bölüminiň mugallymy