Türkmen aýdymçylary «Ýyldyz-2025» halkara wokal bäsleşigine gatnaşyp bilerler

Türkmenistanly aýdymçylar Russiýanyň Moskwa şäherinde geçiriljek «Ýyldyz-2025» Bütinrussiýa wokal bäsleşigine gatnaşyp bilerler.

Burýatiýa Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň habar bermegine görä, bu bäsleşik şu ýyl halkara derejesine geçirilip, oňa Russiýanyň sebitleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Belarus Respublikasynyň aýdymçylary gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, teletomaşaçylaryň internetde ses bermegi we aýdym-saz pudagyndaky meşhur hünärmenleriň pikiri esasynda iň gowy aýdymçylar kesgitleniler.

Guramaçylar bäsleşigiň Moskwada geçiriljek saýlama tapgyrlaryny, şeýle hem onlaýn gözden geçirilişleri (wokalçylaryň internet arkaly arzalaryny kabul etmek esasynda) yzygiderli ýaýlyma bermegi meýilleşdirýärler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19