“Ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmegiň meseleleri”

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk 
mekdebinde “Ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmegiň meseleleri” atly ylmy maslahaty geçirildi.

Oktýabr aýynyň 31-ne Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde   “Ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmegiň meseleleri” atly ylmy maslahaty geçirildi. Bu geçirilen ylmy maslahata Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň, Aşgabat şäher baş bilim müdirliginiň we başgada medeniýet pudagynyň wekilleri gatnaşdylar. Bular bilen birlikde talyplaryň hossarlarynyň gatnaşandyklaryny hem bellemeli. Geçirilen bu ylmy maslahatda wekiller okuw usulyýetini kämilleşdirmekde zerur hasaplanan täzeçillikleriň girizilmegini teklip etdiler. Ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmek bähbidi bilen edilen teklipler ýygnaga gatnaşyjylar tarapyndan oňyn kabul edildi. Ýygnakda diňe bir mugallymlar öz pikirni beýan etmek bilen çäklenmän, talyplaryň teklipleri hem diňlenildi. 
Ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmek meselesini ähli meselelerden ileri goýýan Hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza il bähbitli, döwlet ähmiýetli geçirilýän şeýle ýygnaklara döredip beren mümkinçilikleri  üçin köp sagbolsunymyzy aýdyp, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.      

“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň IV ýyl talyby Yhlas Artykow

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19