ÝAŇLANÝAN SAZLARYŇ HEŇI PYRAGY
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň Doglan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli «Ýaňlanýan sazlaryň heňi Pyragy» ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Bu sergi esasan hem talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan nusgawy şahyrlarymyzyň, akyldarlarymyzyň edebi mirasyna baý many-mazmunly döredijiligine çuňňur sarpa goýulýar. Türkmen halkynyň buýsanjy Magtymguly Pyragy pelsepäniň taglymatlaryny türkmen edebiýatyna has çuň ornaşdyran ussatdyr. Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Magtymguly baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşan beýik akyldardyr. Ussat şahyryň çuňňur parasatly pikirlere ýugrulan goşgulary ynsan ömrüniň ähli pursatlarynda terbiýe berýär, adamzada beýik söýgini, ynsan mertebesini dabaralandyrýar» diýip belleýşi ýaly, ussat şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň durmuş pelsepesine öwrülen dürdäne setirleri, öňe süren taglymatlary her bir okujynyň aňyna hem-de ýüregine täsir edýär.
Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Magtymguly Pyragynyň mertlik, dogruçyllyk, ynsaplylyk ýaly öwüt-nesihat beriji goşgulary hakynda talyp ýaşlaryň arasynda pikir alyşdylar.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.