MEJNUN BOL, HALKA ÝAÝYL!
Türkmen edebiýatynyň taryhynda Leýli bilen Mejnun hakyndaky kyssalar, şahyrana setirler 120-den gowrak döredijilik we sungat ussatlarynyň eserlerinde duş gelýär. Olaryň altyn halkasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy ilkinji basgançagy eýeleýär. Edebi mirasy dünýäniň söz medeniýetiniň altyn hazynasynda uly orny eýeleýän Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny bezeýän 40-a golaý şygyrlarda Leýli bilen Mejnunyň atlary bilen bagly şahyrana setirleriň zynatlanandygyny görmek bolýar. Olaryň iň görnüklileriniň hatarynda akyldaryň «Bilmezmiň», «Jan içinde», «Şondadyr», «Meňzär hökümli», «Baglar, heý» «Galandar», «Illerden aýlandy», «Istemen», «Mejnuny bardyr» «Nary dilberiň», «Gadryn näbilsin», «Iliňni», «Bizge rowana», «Gitmezmiş», «Jany bolmasa» «Hemhana gelendir», «,Maly dünýä, heý!», «Galyp men», « Köňlüm» ýaly şygyrlaryny agzamak bolar. Ussadyň 12 bentli «Söýmüşem seni» atly şygrynda 11 sany meşhur aşyk-magşyklaryň atlary-Leýli-Mejnunyň, Ýusup-Züleýhanyň, Şirin-Perhadyň, Seýpelmelek-Medhaljemalyň, Warka-Gülşanyň, Gül-Nowruzyň, Wamyk-Uzranyň, Arzy-Gambaryň, Zöhre-Tahyryň, Şasenem-Garybyň we Ybraýym-Saranyň ismleri hormat bilen agzalýar. Şol goşgynyň dördünji bendinde:
Ýalançyny tutdy ady,
Olardyr yşkyň binýady,
Mejnun Leýli perizady,
Söýen dek söýmüşem seni-
-ýaly görnüşde beýan edilýär. Leýli bilen Mejnunyň taryhy we edebi keşpleri söýginiň, wepalylygyň, ynamyň, bagtly geljege umytly garaýyşlaryň nyşany bolup olaryň ykbaly arzyly arzuwlaryň, şatlyklyk getirýän hyjuwyň, yşkyň kuwwatly güýjüniň alamaty, maşgala abadançylygynyň ölçegi, söýgi taryhynyň kerwenbaşysy, päkize duýgularyň melhem beriji sütünleri hökmünde dabaralanyp, şöhratlanyp gelýär. Ýazuwly edebiýatyň taryhynda ilkinji bolup durmuşyň bu tanymal gahrymanlary barada IX asyrda Abu Abdyllah Jagfar ibn Muhammet Rudaky we XI asyrda Abu Muhammet Ylýas ibn Ýusup Nyzamy Genjewi tarapyndan ajaýyp eserler döredilýär. Alymlaryň bellemegine görä, müň ýyldan gowrak döwrüň içinde dünýäniň 40 golaý dillerinde 60-dan gowrak döwletlerinde Leýli bilen Mejnun hakynda 130-dan gowrak çeper eserleriň döredilendigi hasaba alnypdyr, 15 sany sahna eserleri, 10 sany kino eserleri dürli dillerde döredilipdir. Leýli we Mejnun hakynda ilkinji çeper film 1940-njy ýylda, ilkinji opera 1908-nji ýylda, 1941-nji ýylda ilkinji balet, 1948-nji ilkinji drama eseri, ilkinji simfonik orkestr eseri 1947-nji ýylda tomaşaçylara görkezilýär. 2008-nji ýylda Leýli we Mejnun hakyndaky opera sungatynyň eseri UNESKO-nyň maddy däl medeni mirasyň ýadygärlikleriniň sanawyna girizildi. Merkezi Aziýa yklymyndaky ýurtlaryň arasynda biziň mähriban watanymyz Leýli we Mejnun hakyndaky taryhy-edebi ýordumlar esasynda sungatyň ähli görnüşleri boýunça köpsanly umummilli derejede medeni, ylmy eserleriň tapgyrlary boýunça neşirýat, teleradioýaýlym işlerini durmuşa geçiren we geçirýän ýurtlaryň biri hökmünde tanalmagy köpleri buýsandyrýar. Şahyryň eserlerinde duş gelýän «Mejnun bol, halka ýaýyl!» atly hikmetli setirleriň mazmuny jemgyýetiň asudalygyny, durnuklylygyny, halal zähmetden rysgal tapmagy, dostlugy, raýdaşlygy, hakykata, halka, haka ýakynlaşmagy çeper görnüşde göçme manyda aňladyp gelýär. Leýli bilen Mejnunyň edebi ykbalyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmekde ilkinjileriň hatarynda N.Gullaýewiň, A.Meredowyň, Ş.Gandymowyň, A.Bekmyradowyň, A.Kekilowyň, R.Rejepowyň, T.Nepesowyň, M.Öwezgeldiýewiň, D.Öwezowyň, G.Burunowyň, A.Agabaýewiň, R.Mustakowyň, O.Amandurdyýewanyň hyzmatlary hormat bilen bellenilmäge mynasypdyr.