ARKADAGYŇ ESERLERI–ÝAŞLARYŇ GÖRELDE MEKDEBI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplary esasynda «Arkadagyň eserleri-ýaşlaryň görelde mekdebi» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy. Ol eserleriň aňyýeti ösdürmekdäki we şahsyýeti terbiýelemekdäki aýratyn orny barada täsirli gürrüňler edildi. Ýaşlarymyza görelde mekdebi bolan Gahryman Arkadagymyzyň eserleri halkymyzy beýik ösüşlere alyp barýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy beýik ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19