Türkmenistan Berlinde «Geljek şu wagt — Merkezi Aziýa» ady bilen geçirilýän kino we saz festiwalyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekilleri 12-20-nji noýabr aralygynda «Geljek şu wagt - Merkezi Aziýa» ady bilen Berlinde geçirilýän kino we saz festiwalyna gatnaşýarlar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň habar berşi ýaly, düýn agşam festiwalyň çäklerinde režissýor Arslan Eýeberdiýewiň «Istärin» atly türkmen çeper filminiň görkezilişi we ara alnyp maslahatlaşylmagy boldy. Bu film tomaşaçylary beýik nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň şygryýet we ruhy dünýäsine aralaşdyrýar.

Festiwalda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş kinematografistleri tarapyndan dürli žanrlarda surata düşürilen bäş sany film görkeziler.

Festiwalyň maksady - Germaniýanyň jemgyýetini bu ýurt bilen 30 ýyllyk diplomatik gatnaşyklary bolan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň häzirki durmuşy we medeni ýagdaýy, geljek üçin meýilnamalary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Festiwalyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen ýaş sazandalar we kinematografistler Germaniýa Federatiw Respublikasynyň sungatynyň we medeniýetiniň ýaş wekillleri bilen duşuşyklary geçirip, öz halklarynyň medeniýeti we däp-dessurlary bilen tanyşdyrýarlar.

Festiwal Berliniň filarmoniýasynda konsert geçirilmegi bilen açyldy. Merkezi Aziýanyň her ýurdundan we Germaniýadan bir trio topary - jemi alty trio topary milli saz däplerinde tebigaty beýan etmek bilen we tebigatyň dürli taraplaryndan ylham alnan eserleri ýerine ýetirdiler.

Bu konsertde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Türkmenistana wekilçilik etdiler: S. Atanyýazow, K. Bäşimow we A. Babagulyýew kemençe bilen çalynýan kirişli saz gurallarynda «Türkmenistanyň tebigaty» atly sazy ýerine ýetirdiler.

Konserti guraýjylar bu ýaş sazandalaryň her biri bilen tanyşdyryp, olaryň kamera sazyny ýerine ýetirmek boýunça milli we halkara bäsleşikleriniň ýeňijileridigini bellediler.

Neşiriň belleýşi ýaly, festiwal halkara medeni taslamalar boýunça ýöriteleşen Dr.Gabriele Minz GmbH kompaniýasy tarapyndan guralypdyr.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19