O.Nazarbekow: Türkmenistan türki dilli döwletleriň gymmatlyklaryny gorap saklamaga goşant goşdy
TÜRKSOÝ guramasy türki dilli döwletleriň ruhy gymmatlyklaryny we taryhy-medeni mirasyny öwrenmekde, gorap saklamakda we wagyz etmekde aýratyn orun tutýar. Türkmenistan 2024-nji ýylda bu ugurdaky işlere uly goşant goşdy. Bu barada iş sapar bilen Türkmenistana gelen Özbegistanyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow şu gün Aşgabatda geçirilen TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisinde eden çykyşynda belläp geçdi.
«Umumy dil we umumy gymmatlyklaryň bitewüligi esasynda döredilen Guramamyzyň çäginde medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk çalt depginler bilen ösýär. Türki dilli döwletleriň ruhy gymmatlyklaryny we taryhy-medeni mirasyny öwrenmekde, gorap saklamakda we ýaýratmakda TÜRKSOÝ-yň aýratyn orun eýeleýändigini aýtmak gerek. Mundan başga-da, Türki döwletleriň guramasynyň çäginde durmuşa geçirilýän möhüm taslamalaryň geljekde halklarymyzyň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrjakdygyna ynanýaryn» diýip, ministr O.Nazarbekow öz çykyşynda nygtady.