“Men geljekki mugallym” bäsleşigi

“Men geljekki mugallym” bäsleşigi
        Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Gahryman Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almaklary üçin edýän taýsyz tagallalarynyň esasynda ýurdumyzda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça ençeme işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gelejekki döwrebap mugallymlary taýýarlamakda, talyplaryň döredijilik başarnyklaryny we ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda mekdebimiziň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň III ýyl talyplarynyň arasynda “Men geljekki mugallym” atly prezentasiýalar boýunça döredijilik bäsleşigi  geçirilip, bäsleşikde talyplar okatmagyň usulyýeti, mugallymçylyk tejribeligi derslerinden alan bilimini we başarnyklaryny görkezmegi başardylar. Bäsleşige adalatly baha beren emin agzalar  mekdebimiziň okuw we terbiýeçilik işleri boýunça direktorynyň orunbasary S.E.Baýramow, Önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy we “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň müdiri S.S.Baýryýewa, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlary L.N.Amanowa we  M.Ç.Jumaýewa talyplaryň prezentasiýalarynyň hiline, saýlap alan temalarynyň mazmunyna, temany düşündirmekde dil baýlyklaryna, çagalara saz bilimini ýeňil we sada dilde düşündirip bilmek ukyplaryna aýratyn üns berdiler.  Bäsleşikde  XVII asyryň beýik nemes kompozitory  “Iogann  Sebastýan  Bahyň ömri we döredijiligi”  atly   prezentasiýaly çykyşy bilen saýlan  temasyny saz parçalary bilen baýlaşdyryp, alçaklygy bilen tapawutlanyp  göwnejaý düşündirmegi başaran Saparowa Umida I-nji orna mynasyp bolmagy başardy.  Awstriýanyň beýik kompozitory  “Ýozef Gaýdynyň ömri we döredijiligi” tema bilen Weliýewa Ogulgerek II- nji orna mynasyp bolmagy başardy. Ol öz çykyşynda diňe bir Gaýdnyň ömri döredijiligi bilen çäklenmän eýsem, onuň döwründe ýerine ýetirilen organ, klawisin ýaly saz gurallary hem görkezip düşündirmegi başardy we diňleýjileri maýyl etdi. Saz sungatynda ähmiýetli orny eýeleýän “Türkmen halk saz döredijiligi” atly prezentasiýaly çykyşynda özüniň tema düşündirişi, wideo bölejikleriniň maksada laýyk sazlaşykly ýerleşdirmegi başaran Durdyýewa Gülmira III- nji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine mekdebiň direktorynyň orunbasary S.E.Baýramow tarapyndan Hormat hatlar bilen sylaglanyp höweslendiriji sowgatlar berildi. Ýurdumyzda döwrebap saz mugallymlaryny taýýarlamaga giň mümkinçilikleri döredip beren medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan alkyş sözleriniň belentden ýaňlanmagy bilen jemlendi. 
                                             Taýýarlan: “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň     
                                                                                   mugallymy Geldibaýewa Laçyn

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19