N.Halmämmedow adyndaky ”Dutaryň Owazy” ady bilen geçirilen VIII-nji halkara online festiwal bäsleşigi.

Russiýa federasiýasynyň Moskwa şäherinde, N.Halmämmedow adyndaky ”Dutaryň Owazy” ady bilen geçirilen VIII-nji halkara online festiwal bäsleşigi.
    Ähli ugurlar bilen birhatarda bize sungat äleminde halypa bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatyny goldap, biz ýaş hünärmenlere daşary dost-doganlyk ýurtlar bilen online sanly ulgamy arkaly özara pikir we tejribe alşyp, öz türkmen aýdym-saz sungatymyzy mundan beýläkde ösdürmek we başardygymyzdan öz goşandymyzy goşmak maksady bilen ýurtlar arasynda geçirilýän  halkara bäsleşiklere, festiwallara  öz talyplarymyzy we özümiz gatnaşyp öz zehin başarnyklarymyzy görkezmäge çalyşýarys. 
      Şu maksat bilen Ýaňy ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde, N.Halmämmedow adyndaky ”Dutaryň Owazy” ady bilen geçirilen VIII-nji halkara online festiwal-bäsleşigi uly şatlyk şowhuna beslenip, gyzykly hem diýseň çekeleşikli geçirildi. Ähli dost -doganlyk ýurtlary bilen bir hatarda, biziň ýurdumyzdan hem birnäçe wokal aýdymçylar we sazandalar bu bäsleşige öz eserleri bilen gatnaşdylar. Bu festiwal bäsleşige gatnaşyp, 1-nji oruna mynasyp bolmak bagty maňada nesip etdi. Men  bu bäsleşige birnäçe halypa aýdymçylarymyzyň, Nusgawy kompazitorlarymyzyň sazlaryna ýazylan, Türkmen operalaryndan birnäçe ariýalaryny ýerine ýetirip hödürledim. Ýagny kompozitor Ýuli Meýtusyň Magtymguly operasyndan “Magtymgulynyň ariýasyny”, G F Gendeliň “Diginare” we Russiýaly kompozitor   Mämmet Guseýnowyň sazyna, Gurbannazar Ezizowyň sözlerine “Meniň topragym” atly eserleri bilen gatnaşdym. Bu bäsleşik mende uly täsir galdyrdy we tolgundyrdy. Elbetde, bu bäsleşikde başga ýurtly wokal aýdymçylar bilen öz zehiniňi synamak, islendik aýdymçy üçin uly jogapkärçiligi, zähmeti  talap edýär we öz käriňe bolan söýgüni döredýär. 
    Aýdym saz bäsleşikler biziň ýurdumyzda hem yzygiderli geçirilip durulýar. Ýöne halkara bäsleşiklere gatnaşyp öz zehiniňi synamak we ýokarky orunlara mynasyp bolmak bolsa has gyzykly we begençli. Elbetde bu üstünlikleriň aňyrsynda halypalarymyzyň uly yhlasy, öz zähmetiň we hünäriňe bolan höwesiň ýatyr. Özüňdäki bar sungatyňy deň duşlaryňa we diňleýjileriňe açyp görkezmek esasy zatlaryň biridir. Öz sungatymy diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem açyp gerkezmek üçiň bize birnäçe mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özümiň çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin.
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Aýdym aýtmak” sungaty bölüminiň mugallymy Begdurdy Çerkezow

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19