Baýrakly orunlaryň mynasyp eýeleri

Baýrakly orunlaryň mynasyp eýeleri
Zehinli sazanda ýaşlary taýýarlaýan Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň at-abraýy gün saýyn beýgelýär, serhetleri aşýar. Bu jogapkärli wezipede hünäriniň mynasyp eýeleri bolan ýaş mugallymlaryň kemala getiren sazanda talyplary esasy sebäpkärler bolup çykyş edýärler. Şeýle jogapkärli wezipe bu gezek ýörite sazçylyk mekdebiniň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň talyplary bolan Umitjan Töräýew we Ýunus Ibragimowyň paýyna düşdi. Mekdebiň göreldeli talyplaryna Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde “Ýyl pasyllary. Güýz-2024” ady bilen geçirilen klassyky sungatyň III halkara professional bäsleşigine onlaýn arkaly gatnaşmak nesip edýär. Bölümiň mugallymy Ýazberdi Jepbarowyň ýolbaçylyk etmeginde Umitjan Töräýewiň skripka saz guralynda ýerine ýetiren G. Wenýawskiniň a-moll “Kaprisi”, şeýle-de Aýlar Hojalekowanyň ýolbaşçylygynda Ýunus Ibragimowyň wiolonçel saz guralynda ýerine ýetiren G. Goltermanyň “Kapriççio” atly eserleri bäsleşigiň eminleriniň oňyn bahalaryna mynasyp boldular. Talyplaryň III baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary, şeýle-de olaryň bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan resmileşdirilen Hormat hatlar bilen sylaglanmagy deň-duşlaryna görelde bolup hyzmat etdiler. Olarda hünärine bolan hormatynyň artmagyna sebäp boldular. 
Öňdebaryjy, zehinli sazanda ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde her bir mugallymyň “Zähmet soňy rehnet” diýen atalar sözünden ugur alyp, irginsiz çeken zähmetiniň elmydama şeýle oňyn netijesini bermekligini arzuwlaýaryn.
Baýrakly orunlaryň mynasyp eýelerine bolsa üstünlige tarap äden ädimleriniň dowamynyň şowlulyklara beslenmegini arzuwlamak galýar.  

“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy 
Mähriban Jumaýewa 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19