Halypany ýatlap
Halypany ýatlap
Aýdym-sazyň sarpasy belentden tutulýan Ata-Watanymyzda professional saz sungatynyň görnükli wekilleriniň atlary tutulmaly bolanda, Çary Nurymow, Durdy Nuryýew, Nury Halmämmedow, Amandurdy Agajykow, Orazgylyç Gurbannyýazow, Rejep Allaýarow ýaly türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň ortaky nesliniň halypa kompozitorlarynyň atlarynyň yzysüresi ýatlanyp geçilmegi hökmany bolan kompozitorlaryň biri-de Rejep Rejebowdyr. Döredijilik älemine geçen asyryň 70-nji ýyllarynda gadam basan Rejep Rejebow ýokarda atlary agzalan egindeş ýoldaşlary bilen bilelikde kompozitorçylyk sungatynyň halypa nesline degişli kompozitorlaryň başlangyjy bilen türkmen topragynda binýady berkden tutulan professional saz sungatynyň ösüşini dowam etdirmekde özüniň mynasyp goşandyny goşan şahsyýetleriň biridir. Egindeş ýoldaşlary, şägirtleri we talyp ýaşlary tarapyndan ady “Rejep Jumaýewiç” diýip uly hormat bilen tutulýan halypa kompozitor aramyzda sag-gurgun gezip ýörenliginde şu ýyl 80 ýaşyny doldurmalydy, ýene-de nusgalyk eserleriň ençemesini döretmelidi. Emma halypa kompozitoryň halkyna miras galdyran eserleriniň her bir sazlaşygy, şahsy saz diline mahsus heň öwrümleri ýaňlananda onuň nurana keşbi, mähirli ýylgyryşy, tutuksy, biraz gyrgyn sesli orta boýly ynsanyň keşbi dessine göz öňüňde janlanýar. Diýmek onda, eserleri yzygiderli ýygy-ýygydan ýerine ýetirilýän, has takygy ýerine ýetirilmäge höwes bildirilýän nusgalyk eserleri döreden ynsan bakylyga, ebedilige öwrülmezmi?
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen atlandyrylmagynyň özi gönüden-göni döredijilik wekilleri bilen baglanyşykly bolup durýar. Bu ýylda halypa kompozitoryň 80 ýaş toýuny ýokary derejede belläp geçmeklik baradaky berilen tabşyryk bolsa halypa kompozitoryň mertebesini ýene bir gez beýgelden, döredijiligini ör boýuna galdyran esasy sebäpleriň biri boldy.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň döwür bilen aýakdaş kämilleşýän talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda noýabr aýynyň 21-ne Rejep Rejebowyň döredijiligine bagyşlanan konsert çykyşy gurnaldy. Kompozitoryň iň naýbaşy eserlerinden düzülen konsert meýilnamasy aýdym-saz muşdaklarynyň göwnüni galkyndyrdy. Kompozitor-lirik ady bilen tanalýan Rejep Rejebowyň kinofilmler üçin ýazan söýgi temasyndaky aýdymlaryň instrumental ýerine ýetirilişi aýratyn täsirini ýetirdi. Onuň “Ak duman” kinofilmi üçin ýazan, halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolan “Humaý gözli” aýdymynyň estrada orkestri, “Saňa” diýen aýdymynyň kanunçylar ansambly, şeýle-de “Ykbal” kinofilminden “Armanym” aýdymynyň mekdebiň wokal bölüminiň mugallymy Ogulgerek Pirnäýewa tarapyndan ýerine ýetirilmegi tomaşaçylary bir pursatlyk ýakymly ýatlamalara alyp göterdi. Konsertde kompozitoryň liriki eserleri bilen birlikde watançylyk temasyndaky eserleriň birnäçesi tomaşaçylaryň dykgatyna hödürlendi. Kompozitoryň 2009-njy ýylda döreden “Galkynyş” atly dabaraly eseri Guwançmuhammet Saparalyýewiň dirižýorlyk etmeginde mekdebiň simfoniki orkestri tarapyndan ýokary derejede ýerine ýetirildi. Hor eserlerinden bolsa “Türkmenistanym”, “Türkmenistan” atly watanymyzy wasp ediji eserler mekdebiň birleşen hor topary we wokal bölüminiň talyplarynyň ýekelikde ýerine ýetirilmeginde gyzgyn garşylandy. Konserdiň dowamynda mekdebiň ýaş, geljegine uly ynam bildirilýän kompozitor talyp, Rejep Jumaýewiçiň hut özüniň terbiýeläp ýetişdiren şägirdi Yhlas Artykowyň halypasynyň ýadygärligine bagyşlap döreden eseriniň ilkinji gezek akkordeonçylar orkestri tarapyndan ýerine ýeirilmegini aýratyn bellemeklik zerurdyr.
Halypalary hatyrlamakda, olary hormatlamakda görelde mekdebi bolup duran, medeniýetimiziň-sungatymyzyň hak howandary Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda her bir günümiziň saz-söhbede beslenmegini arzuw edýärin.
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy
Mähriban Jumaýewa