Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär
Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy bilen Gruziýanyň kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmen kinolarynyň günleri geçirilýär. Bu çäre Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän günleriniň çäginde geçirilýär.
22-nji noýabrda bolan açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň filmleri hödürlenildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Açylyş dabarasyna Gruziýanyň degişli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri, Gruziýada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ylmy döredijilik işgärleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çäre režissýor M.Gylyjowyň «Kompozitor» atly filminiň görkezilişi bilen açyldy. Bu film Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldamagynda döredilendigini aýratyn bellenip geçildi.
Ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow, şeýle-de medeniýet işgäri, kinoçy Dali Okropiridze giriş sözleri bilen çykyş etdiler.
Şeýle-de çäräniň çäklerinde režissýorlar Arslan Eýeberdiýewiň «Istärin» we Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» atly kinolarynyň hem görkezilişi geçiriler. Türkmen kinolarynyň görkezilişi 2024-nji ýylyň 24-nji noýabryna çenli dowam eder.