Ussat sazandany ýatlap
Ussat sazandany ýatlap
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamynda hem düýpli ösüşler, bedew bady bilen batly gadam basýan öňegidişlikler gazanylyp, ata-Watanymyz eziz Türkmenistan uly-uly rowaçlyklara beslenýär.
Aýdym-saz sungaty birnäçe ajaýyplyklary özünde jemleýän, ynsanyň göwnüni joşduryjy we kalbyny tämizleýji uly bir güýçdir. Şol ajap sungatyň içinde gaýnap, kämillige ýeten, türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine özüniň önjeýli goşandyny goşan birnäçe şahsyýetlerimiz bar.
Ýakynda şeýle şahsyýetlerimiziň, ussat sazandalaryň, halypalaryň biri bolan Annageldi Jülgäýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli okuw jaýymyzda döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlary, meşhur kompozitorlarymyz Baýramdurdy Hudaýnazarow, Daňatar Hydyrow we döredijilik işleri boýunça prorektory Ýazmyrat Rejebow, şeýle hem mekdebimiziň mugallymlary, talyp-ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşygy “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Maýa Orazmuhammedowa alyp baryp, ilki Annageldi Jülgäýewiň ömür ýoly barada gürrüň berdi. Soňra görnükli kompozitorlarymyz, Türkmenistanyň halk artistleri, ençeme zehinli şägirtleriň halypalary Baýramdurdy Hudaýnazarowa, Daňatar Hydyrowa söz berildi. Halypa mugallymlar Annageldi Jülgäýew bilen uzak wagtlar dostlukly gatnaşykda bolandyklaryny, ýakymly ýatlamalary, täsirli maglumatlary aýdyp berdiler. Duşuşyk Ýazmyrat mugallymyň ussat sazanda barada aýdyp beren gyzykly ýatlamalary, hem-de “Kiçiniň” atly türkmen halk sazyny çalyp bermegi bilen dowam etdi.
Döredijilik duşuşygynda Annageldi Jülgäýewiň döreden “Ýaşlara salam” sazyny mekdebimiziň III ýyl talyby Rahym Garberdiýew, I ýyl talyp Şaberdi Ýusupow “Tomagaly” türkmen halk sazyny ýerine ýetirip, gelen halypalaryň öwgüsine mynasyp bolmagy başardylar. Döredijilik duşuşygy mekdebimiziň zehinli we ezber elli sazanda mugallymy Spartak Atakowyň “Nergiz” atly türkmen halk sazyny ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi bilen jemlendi.
Bize şular ýaly meşhur kompozitorlarymyz, halypa mugallymlarymyz bilen gyzyklanmaga, gürrüňdeş bolmaga, aýdym-saz sungatymyzda ýitmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi, halypa bagşy-sazandalarymyzy ýatlamaga, hormatlamaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunymyzy aýdýarys.
Aýtäç MEDEDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň
ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.