Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna bagyşlanan konsert
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda aýdym-saz sungatymyzy baýlaşdyrmakda has-da kämilleşdirmekde üstünlikli işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen ýylymyzda diýarymyzyň her bir güni şanly senelere, ösüşlere beslenýär. Şeyle-de “Halkara Bitaraplyk güni” we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralary giň gerime eýe bolýar. Şeýle dabaralaryň biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň “Fortepiano” bölüminiň mugallymlary Dinç Ogulgerek hem-de Moşiýewa Mähri dagylaryň sazandarlyk etmeginde hem-de ýekelikde ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly konserti geçirildi. Konsertde “Adym aytmak sungaty” bölüminiň mugallymlary Begdurdy Çerkezowyň, Mergen Atayewiň şeyle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Begenç Moşşyýewiň hem çykyş etmeginde rus kompozitorlary P.I.Çaýkowskiýniň “Garahal aýal”, “Ýewgeniý Onegin” operalaryndan, S.Rahmaninowyň romanslaryndan, Rimskiý-Korsakowyň “Maý gijesi” operalaryndan bölekleri, romanslaryndan ajaýyp eserlerini ýerine ýetirdiler. Ýaňlanan sazlar we aýdymlar tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady.
Asuda hem-de bagtyýar döwrümizde bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýan, akyldar şahyrymyzy hormatlap arşa galdyrýan Milli medeniýetimize we sungatymyzya sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlary dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Aýnur Aratjanowa, Maýa Kulyýewa adyndaky
TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy