“Ýol hereketleriniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” wagyz-nesihat çäresi geçirildi

“Ýol hereketleriniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz özüniň ösüş derejelerini barha ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksady bilen edilýän işleriniň sany barha köpelýär. Esasan hem, ýylyň dowamynda  geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat çäreler, maslahatlar ýygy-ýygydan geçirilip ýurdumyzyň görkana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gönükdirilendir. Hormatly Gahryman Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzda adamlaryň we raýatlaryň jan saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen bu çäreler guramaçylykly geçirilýändigi hemmämize aýdyň. Bu günki günde eziz diýarymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda kabul edilen birnäçe maksatnamalarynyň esasynda döwrebap gara ýollaryň müňlerçe kilometrlere uzalyp gitmegi ýaşaýjylaryň howpsuz we rahat ýaşamaklary üçin edilýän tagallarynyň biridir.
Ýakynda hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminde “Ýol hereketleriniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
 Çäräniň dowamynda “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Ogulşeker Gurbanlyýewa ýol belgiler we olaryň döremegi barada gyzykly wideo-ýazgyny taýýarlady.Wideo-ýazgyda ilkinji ýol belgiler nähili we nirede döredi, şeýle-de olaryň aňlatmasy barada gürrüň berildi. Onuň yz-ýanynda “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Laçyn Geldibaýewa çykyş etdi. Çykyşyň dowamynda ol talyplara ýer asty we ýer üsti geçelgelerinden peýdalanmagy we ýol hereketleri boýunça düzgün bozulmalara bellenilýän jerimeleri barada aýdyp geçdi.
Şeýle-de, wagyz-nesihat çäresinde  mugallymlar tarapyndan taýýarlan wideo prezentasiýalary görkezildi we ahyrynda Hormatly Gahryman Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş aýdyldy.
Jennet ORAZOWA
“Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy”


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19