Ene-atalar ýygnagy geçirildi
Ene-atalar ýygnagy geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” we “Kirişli saz gurallary” bölümleriniň talyplarynyň ene-atalary bilen ýygnak geçirildi. Ýygnaga mekdebiň direktory M.B.Kerimow, direktoryň orunbasary S.E.Baýramow, bölümleriň müdirleri, topar ýolbaşçylary we mugallymlary gatnaşdylar. Direktor M.B.Kerimow ene-atalaryň wagt tapyp, gelendikleri üçin sagbolsun aýtdy. Ýygnagyň maksady gönüden-göni talyplaryň tertip-düzgüni bilen baglanyşykly bolup, gün tertibiniň esasy meselesiniň tertip-düzgüniň, okuwa gatnaşyklarynyň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berjaý edilişine gönükdirilen terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek barada boljakdygyny belledi. Direktor ene-atalary mekdebiň içki tertip-düzgüni bilen tanyşdyrdy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim ulgamynda döredýän şertlerinden peýdalanyp, göreldeli okamalydygyny aýtdy. Göreldeli talyplaryň atlaryny aýdyp, olaryň ene-atalaryna minnetdarlygy bildirdi. Şeýle-de, göreldeli talyplar bilen bir hatar-da sapaklardan yza galýan talyplaryň hem bardygyny belläp, yza galýan talyplaryň ene-atalaryna olaryň sapaga gatnaşygy bilen ýakyndan gyzyklanmagy tabşyrdy.
Soňra direktor M.B.Kerimow täze ýyl baýramynyň golaýlap gelýändigini bellemek bilen şu günlerden başlap, baýramçylygyň öňüsyrasynda we baýramçylyk günlerinde talyp ýaşlaryň adamyň janyna we saglygyna howp salýan, güýçli ses beriji partlaýjy serişdeleri ýasamaklary, ýa-da dürli görnüşde ýasalan, gadagan edilen şeýle serişdeleri ulanmaklarynyň gadagandygy aýtdy. Talyp ýaşlary şeýle ýagdaýlardan ägä bolmaklaryny berk tabşyrdy. Ene-atalara hem çagalaryny baýramçylyk günlerinde berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra ýygnakda direktoryň orunbasary S.E.Baýramow çykyş etdi. Ol talyplaryň irdenki nyzama gatnaşygy barada durup geçdi. Talyplaryň mekdebe talaba laýyk egin-eşikleri bilen gelmelidigini aýtdy. Soňra umumy ýaşaýyş jaýynyň içki tertip-düzgüni bilen tanyşdyrdy. Ene-atalaryň talyplara umumy ýaşaýyş jaýynda öz deň-duşlary bilen agzybir, biri-birlerine sylap ýaşamalydygyny ündew etmeklerini tabşyrdy. Hususy öýde ýaşaýan talyplaryň tertip-düzgünleri, sapaga gatnaşygy, ýaşaýyş şertleri bilen her günde habar tutup durmaklaryny aýtdy.
Soňra ýygnagyň dowamynda “Sazyň taryhy we nazaryýeti” we “Kirişli saz gurallary” bölümleriniň müdirleri çykyş etdi. Olar her talybyň sapaga gatnaşygy, hüý häsiýetleri, tertip-düzgüni barada ene-atalaryna aýdyp berdiler. Aralyk jemlemelerinden alan bahalaryna we fortepiano dersinden ýetişigine aýratyn ünsi çekdi. Talyplaryň fortepiano dersinden okadýan mugallymlary bilen görüşmeklerini maslahat berdi. Sapaga gatnaşyklary we ýetişikleri bilen ene-atalaryň ýakyndan gyzyklanyp durmaklaryny, topar ýolbaşçylary bilen ýakyndan gatnaşyk saklap, her hepde diýen ýaly habar almaklaryny tabşyrdy.
Ýygnagyň soňunda ýygnaga gatnaşyjylar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar.
Aýdogdyýewa Bägül
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi