Kitap okamak bäsleşigi geçirildi!

Kitap okamak bäsleşigi geçirildi!
        Türkmen halky kitaba, ylym-bilime uly sarpa goýýar. Şonuň üçin hem halkymyzda kitap okamak, bilim öwrenmek asylly ýörelge hökmünde ýöredilip gelinýär. Biz muny köp sanly golýazma çeşmelerinden hem, akyldarlarymyzyň edebi mirasynda hem aýdyň görýäris. Bu bolsa kitap we kitap okamagyň nesil terbiýesinde hem uly ornunyň bardygyny subut edýär. 
      Halkymyzda ylym bilimiň özeni, gözbaşy hasaplaýan kitaba uly hormat sarpa goýulýar.  Ol tapylgysyz baýlykdyr, dünýäniň genji hazynasydyr . Kitaplar taryhyň synagyndan geçip, geçmiş barada dil açýan tapylgysyz hazynadygy, kitap okaýan adamyň ýüreginiň mähir- muhabbetden pürepür bolýandygy barada hemmämiz bilýäris. Kitap okamak ynsanyň  pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp, gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeldýär, onuň akyl  we bilim taýdan ilermegine kömek edýär. 
    Gahryman Arkadagymyzyň : “Kitap ynsanyýetiň baş baýlygydyr, sermaýasadyr, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir ” diýen parasatly sözünden ugur alyp, “Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli Maýa  Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýaşlary kitap okamaga, döredijilik bilen  gyzyklandyrmaga çekmek maksady bilen  TSTP- nyň Aşgabat şäher komitetiniň hem-de “Gujurly bilim” merkeziniň guramagynda kitap okamak bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň çäklerinde talyplara  Nurmyrat Saryhanowyň   “Şükür bagşy” powestini bir aýyň dowamynda okap, özleşdirmäge hödürlendi. 
     Bäsleşik mekdebimiziň talyplaryny juda  höweslendirdi. Talyplar bu eseri uly gyzyklanma bilen okadylar. 2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda  Maýa  Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň  hem-de  Maýa  Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar  Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda N.Saryhanowyň “Şükür bagşy” eserinden düzülen soraglar esasynda test tabşyrdylar. Onuň jemleri boýunça hödürlenen kitaby nähili üns bilen okalandygy anyklanyldy.  Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti boýunça geçirilen testde iň ýokary netijeleri görkezenleriň biri hem Maýa  Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar  Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti”  bölüminiň I ýyl talyby Gunça Döwletgeldiýewa  II orna mynasyp boldy.  Ýeňiji  bolan kitapsöýüjilere hormat hatlary we höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandylar.  
      Biz ýaşlara işlemäge we bilim almaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin. 
     
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň  ýanyndaky 
Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Geldibaýewa Laçyn

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19