Şahyr zenan Gülşirin Hanowa bilen döredijilik duşuşygy

Şahyr zenan Gülşirin Hanowa bilen döredijilik duşuşygy 
Ýakynda  Maýa  Kulyýewa  adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimizde ýurdumyzda ýaş,  zehinli zenan şahyrlarymyzyň biri “Eneleriň şahyry” diýen ada mynasyp bolan    Gülşirin Hanowa bilen erkin döredijilik duşuşygy geçirildi. Onuň döredýän  goşgulary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Şeýle-de birnäçe goşgulary  aýdyma öwrülip, ýurdumyzyň ussat aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilýär. 
   Söhbetdeşligimiziň başynda döredijilik duşuşygyny gurnan “Sazyň taryhy we      nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Aýtäç Mededowa şahyr barada birnäçe maglumatlary paýlaşdy we talyp ýaşlar bilen tanyşdyrdy. Soňra bolsa şahyr özüniň ilkinji döredijilik ädimlerinden döredijilik älemine çenli geçen ýollary barada gyzykly hem täsirli gürrüňleri paýlaşdy. Döredijilik sungat ýolunda  Hojaberdi Çaryýew, Atajan Tagan ýaly ussat halypalarydan alan maslahatlarym, olaryň görkezmesi, urukdyrmasy bilen Ýaradan tarapyndan berilen zehinimiň  açylmagyna köp goldaw berdiler. Olar barada gyzykly yatlamlaryny gürrüň berdi. Şahyr köp zähmet siňdirip halka ýetiren ilkinji “Uçup barýan ak durna” atly kitaby barada hem aýdyp geçdi. Kitapda ýürege ýakyn baý mana yugrulan  goşgular ýerleşdirilen. Söhbetdeşligimiziň dowamynda  ene hakyndaky  ajaýyp goşgy setirlerinden okap berdi. Ýer ýüzündäki iň mukaddes ynsanyň Enedigi hemmämize mälimdir,  şahyryň hem goşgularynda esasy mowzuklaryň aglaba bölegi mukaddes ejelerimiz barada.  Döredijilik duşuşygyň dowamynda talyplar  tarapyndan birnäçe gyzykly soraglar berildi. Söhbetdeşligimiziň ahyrynda Gülşirin Hanowa talyp ýaşlara gowy arzuwlary üstünlikleri arzuw etdi. Biz hem öz gezegimizde zenan şahyrymyza döredijilikde beýik üstünliklere ýetip, täze goşgularynyz bilen halkyň söýgüsini gazanamagynyzy arzuw edýäris. 
   Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlary dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
 
“Sazyň taryhy we nazaryýeti ” bölüminiň 
Mugallymy Aratjanowa  Aýnur

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheriniň 1984-nji (Puşkin) köçesiniň 22-nji jaýy.

Telefon belgiler:
92-54-84, 92-52-19